Даныел 2:9 - Mukaddes Kitap9 Eger siz maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, size ýeke-täk bir höküm garaşýandyr. Wagtyň geçmegi bilen siz meniň pikirim üýtgär öýdüp, maňa ýalan we biderek zatlar aýtmak üçin öz araňyzda dilleşipsiňiz. Şoňa görä-de gören düýşümi maňa siziň özüňiz aýdyp berersiňiz. Şonda siziň onuň ýorgudyny aýdyp biljekdigiňize gözüm ýeter» diýdi. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап9 Эгер сиз маңа гөрен дүйшүми айдып бермесеңиз, сизе еке-тәк бир хөкүм гарашяндыр. Вагтың гечмеги билен сиз мениң пикирим үйтгәр өйдүп, маңа ялан ве бидерек затлар айтмак үчин өз араңызда диллешипсиңиз. Шоңа гөрә-де гөрен дүйшүми маңа сизиң өзүңиз айдып берерсиңиз. Шонда сизиң онуң ёргудыны айдып билҗекдигиңизе гөзүм етер» дийди. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
«Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok».
Entek hem bir pille, siz surnaýyň, tüýdügiň, liranyň, üçburç liranyň, arfanyň, depregiň we beýleki saz gurallarynyň sesini eşiden badyňyza ýüzüňizi ýere berip, meniň diken heýkelime sežde etmäge taýýar bolsaňyz ne ýagşy. Emma sežde etmekden boýun gaçyrsaňyz, duran ýeriňizde ýanyp duran kürä taşlanarsyňyz. Sizi meniň elimden halas edip biljek hudaý barmyka?» diýdi.