Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:48 - Mukaddes Kitap

48 Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

48 Соңра патыша Даныеле ёкары везипе берди, оңа көп гымматбаха совгатлар этди. Оны тутуш Бабыл велаятына ёлбашчы белледи ве әхли Бабыл акылдарларына баштутан гойды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:48
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol juda garrydy – segsen ýaşyndady. Patyşa Mahanaýymda bolanda, Barzyllaý ony iýmit bilen üpjün edipdi, çünki ol juda gurply adamdy.


Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Şeýle hem onuň ýedi müň goýun-geçisi, üç müň düýesi, müň öküzi, bäş ýüz urkaçy eşegi we birtopar gul-gyrnaklary bardy. Ol ähli gündogarlylaryň arasynda iň baýydy.


Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar.


Emma siz maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp berseňiz, onda siz menden sowgatlar we sylag-serpaýlar alyp, beýik hormata mynasyp bolarsyňyz. Şonuň üçin hem maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp beriň».


Nebukadnesar patyşa bir altyn heýkel ýasatdy. Onuň boýy altmyş, ini alty tirsekdi. Patyşa heýkeli Babyl welaýatynyň Deýra diýen düzlüginde dikdi.


Ine, Babyl welaýatynda seniň ýokary wezipelere bellän Şadrak, Meýşak we Abednego atly ýahudylaryň bar. Ine, patyşahym, şol adamlar seniň buýrugyňa boýun egmeýärler. Olar seniň hudaýlaryňa gulluk etmeýärler we seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeýärler».


Soňra patyşa Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynda has-da ýokary wezipelere belledi.


«Eý, jadygöýleriň başlygy Belteşasar, seniň mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylandygyňy bilýärin. Islendik bir gizlin syry açmak seniň üçin kyn däldir. Meniň gören düýşüme gulak goý-da, onuň ýorgudyny maňa aýdyp ber.


Onuň ýapraklary şeýle gözeldi, diýseň bolelin miwesi bardy. Ol hemmelere iýmäge ýetjekdi, ýabany haýwanlar onuň saýasynda ýatýardy, gögüň guşlary şahasynda höwürtgeleýärdi, ähli janly-jandarlar şondan iýmitlenýärdi.


Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.


Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň».


Şundan soň Belşasaryň buýrugy boýunça Danyýele gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we ony patyşanyň sag eli diýip jar etdiler.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Indi bu ýerden güm bol-da, öýüňe git! Men seni oňat sylaglajakdym, emma Reb saňa hiç bir sylagy rowa görmedi».


Ysraýyllar: «Bu öňe çykyp durany görýäňizmi? Ol Ysraýyla gyjalat bermek üçin çykýar. Şony öldürene patyşa ummasyz baýlyk bilen birlikde gyzyny-da berjek, maşgalasyny bolsa Ysraýylda salgytdan boşatjak» diýişdiler.


Reb garyby aýak astyndan göterýär, mätäji serdarlaryň hataryna goşýar, zibilhanadan çykaryp, Reb ony hezzet tagtynda oturdýar, çünki Ýeriň sütünleri Rebbiňkidir, dünýäni şolaryň üstünde bina eden Oldur.


Magonda bir adam bardy. Onuň mülki Karmeldedi. Ol adam juda baýdy; onuň üç müň goýny, müň geçisi bardy. Ol Karmelde goýunlaryny gyrkdyrýardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ