Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:44 - Mukaddes Kitap

44 Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

44 Шол патышаларың дөврүнде Гөгүң Худайы хич вагт даргадылмаҗак, башга халкың элине гечмеҗек бир патышалык гурар. Бу патышалык бейлеки патышалыкларың әхлисини ёк эдип, оларың соңуна чыкар, өзи болса эбедилик галар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:44
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.


Seniň nesliň hem şalygyň Meniň huzurymda baky berkarar bolar. Şalyk tagtyň baky dowam eder“».


Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.


Olar gulum Ýakuba beren ýurdumda, ýagny siziň ata-babalaryňyzyň mesgen tutan ýurdunda ýaşarlar; özleri we çagalary, çagalarynyň çagalary ebedilik ol ýerde mesgen tutarlar, gulum Dawut ebedilik olaryň hökümdary bolar.


Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:


Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.


Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.


Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.


Görşüň ýaly, demriň toýun bilen garylmagy halklaryň gyz alşyp-berşip, biri-birleri bilen garyşjakdyklaryny aňladýar. Emma demriň toýun bilen garylyp bilmeýşi ýaly, olar hem biri-birleri bilen garyşyp bilmezler.


Şonda men bu düýşi ýordurmak üçin Babylyň ähli akyldarlaryny huzuryma getirmeklerini buýurdym.


Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.


Patyşalygyma degişli ýerlerde ýaşaýan her bir adamyň Danyýeliň Hudaýyndan sandyrap gorkmagyny buýruk berýärin. Ol diri Hudaýdyr, Ol ebedi Hudaýdyr. Patyşalygy hiç haçan ýykylmazdyr, hökümdarlygy soňsuzdyr.


Ol halas edýär we boşadýar. Gökde hem, ýerde hem alamatlardyr mugjyzalar görkezýär. Danyýeli ýolbarsyň penjesinden halas eden hut Oldur».


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.


Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Sion dagynda Men – Reb olara hökümdarlyk ederin».


Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».


Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.


Isa hem olaryň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýarlyk Maňa berildi.


Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady.


Şonuň üçin hem yranmaz patyşalyga gowşandygymyz üçin şükür edeliň. Hudaýy hoşnut etmek üçin Oňa tabynlyk hem gorky bilen sežde edeliň,


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ