Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:4 - Mukaddes Kitap

4 Müneçjimler arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мүнечҗимлер арамей дилинде патыша йүзленип: «Патыша бакы яшасын! Гөрен дүйшүңизи өз гулларыңа айт, биз онуң нәме аңладяндыгыны ёруп берели» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:4
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol üýşmegi Laban Ýagar-sahaduta, Ýakup bolsa Galet diýip atlandyrdy.


Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.


Adonyýa bu gün gidip, birtopar semiz öküzçeleri we mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ogullarynyň baryny, goşun serkerdelerini we Abýatar ruhanyny çagyrdy. Olar Adonyýa bilen bile iýip-içip: „Ýaşasyn Adonyýa patyşa!“ diýýärler.


Onsoň Batşeba ýüzüni ýere berip, oňa tagzym etdi we: «Goý, jenabym Dawut patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.


Onsoň Hilkiýanyň ogly Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar».


Artakserksiň patyşalygy döwründe-de Bişlam, Mitredat, Tabeýel we olaryň ýaranlary Pars patyşasy Artakserkse hat ýazdylar. Hat arameý dilinde ýazylyp, terjime edildi.


Men patyşa şeýle jogap berdim: «Patyşa uzak ýaşasyn! Atalarymyň mazarlary ýatan şäheri haraba öwrülip, derwezeleri oda ýanypdyr, onsoň nädip meniň ýüzüm salyk bolmasyn?»


Onsoň Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar».


galp pygamberleriň alamatlaryny puja çykarýan, palçylary akmak edýän, akyldarlara zarba berip, bilýänlerini samsyklyga öwürýän,


Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi.


Olar oňa ýene-de: «Ilki bilen, goý, patyşamyz öz gullaryna gören düýşüni aýtsyn, biz hem onuň ýorgudyny aýdaly» diýip jogap berdiler.


Olar Nebukadnesar patyşa şeýle diýdiler: «Patyşa baky ýaşasyn!


eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.


Ine, meniň ýatyrkam gören düýşüm: ýeriň ortasynda bir agaç bardy, onuň boýy diýseň gaty belentdi.


Onuň ýapraklary şeýle gözeldi, diýseň bolelin miwesi bardy. Ol hemmelere iýmäge ýetjekdi, ýabany haýwanlar onuň saýasynda ýatýardy, gögüň guşlary şahasynda höwürtgeleýärdi, ähli janly-jandarlar şondan iýmitlenýärdi.


Patyşanyň hem-de onuň töreleriniň sesini eşidip, patyşanyň ejesi meýlishana geldi. Patyşanyň ejesi şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! Pikirleriň seni howsala salmasyn, ýüzüňiň reňki solmasyn.


Onsoň patyşanyň ähli akyldarlary içeri girdiler, emma olar patyşa bu ýazgyny ne okap berip, ne-de onuň manysyny düşündirip bildiler.


Danyýel patyşa şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn!


Onsoň ol wezirler, häkimler dil düwşüp, patyşanyň ýanyna geldiler we oňa: «Darýuş patyşa baky ýaşasyn!


Patyşalygyň ähli wezirleri, serdarlary, häkimleri, geňeşçileri we emirleri patyşanyň bir perman çykaryp, ony güýje girizmegi barada özara maslahatlaşdylar. Eý, patyşahym, kimde-kim otuz günüň dowamynda senden başga bir ynsana ýa-da hudaýa dileg edip ýüz tutsa, ýolbarsly çukura taşlansyn.


Onuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy.


Şamuwel halka: «Rebbiň saýlan adamyny görýäňizmi? Aramyzda şuňa taý geljegimiz ýokdur!» diýdi. Duranlaryň ählisi: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ