Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:39 - Mukaddes Kitap

39 Seniň patyşalygyňdan soňra seniňkiden pes bolan başga bir patyşalyk peýda bolar. Soňra tutuş ýer ýüzüne hökümdarlyk etjek üçünji bir bürünç patyşalyk geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

39 Сениң патышалыгыңдан соңра сениңкиден пес болан башга бир патышалык пейда болар. Соңра тутуш ер йүзүне хөкүмдарлык этҗек үчүнҗи бир бүрүнч патышалык гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:39
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Soňra ol maňa şeýle gürrüň berdi: «Meniň näme üçin seniň ýanyňa gelendigimi bilýärsiňmi? Indi men pars serdary bilen söweşmäge yzyma dolanmaly. Men gidenimden soň, Gresiýanyň serdary geler.


Heýkeliň kellesi sap altyndan, döşi bilen gollary kümüşden, bili bilen butlary bürünçdendi.


Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň!


Dördünji patyşalyk demir ýaly güýçli bolar, çünki demriň ähli zady mynjyradyşy ýaly, ol hem bularyň hemmesini gyryp tükeder.


Meniň söhbetdeşim şeýle diýdi: «Dördünji jandar ýer ýüzünde dörejek dördünji patyşalykdyr. Ol ähli patyşalyklardan tapawutly bolup, tutuş ýer ýüzüni çeýnär, ony depeläp, bölek-bölek eder.


Seniň gören iki şahly goçuň Madaý we Pars patyşalarydyr.


Erkeç bolsa Gresiýanyň patyşasydyr. Onuň iki gözüniň ortasyndaky uly şahy bolsa onuň ilkinji patyşasydyr.


üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy.


Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ