Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:35 - Mukaddes Kitap

35 Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Соңра демир, тоюн, бүрүнч, күмүш ве алтын харман җайдакы саман ялы күл-пеекун болдулар. Шемал олары пытрадып ташланда, оларың ызы-соры галмады. Эмма хейкеле урлан даш бейик дага өврүлип, бүтин ер йүзүни долдурды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:35
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Jöwzada çeşmeler guraýarlar, yssyda gaýyp bolýarlar.


Rebbiň agaçlary – Onuň oturdan Liwan kedrleri bol suwarylýar.


Ýa Taňry, Saňa aýan ähli dilegim, Senden gizlin däldir meniň perýadym.


Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.


Eý, Hudaý, goý, halklar Saňa öwgüler aýtsyn, ähli halklar Saňa öwgüler aýtsyn.


Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Eý, milletler, gidiň, urşuň, ýöne siz gyrlarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrlarsyňyz!


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Şonuň üçin olar säherki ümür ýaly, basym guraýan çyg ýaly, harmandan sowrulýan harpyk dek, tüýnükden çykýan tüsse ýaly boljaklar.


Reb şeýle diýýär: «Eý, Sion gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


Çünki Hudaý Isa Mesihiň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Emma aždarhanyň ýeňmäge güýji ýetmän, gökdäki ýerlerini elden giderdi.


Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ