Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:34 - Mukaddes Kitap

34 Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Сен середип дуркаң, ынсан эли дегмезден бир даш гопуп гачды, ол хейкелиң демирден ве тоюндан болан аякларына урулды-да, олары чым-пытрак этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:34
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Utanç bilen betnamlygy Sen menden aýyr, çünki düzgünleriňi men saklandyryn.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Sionda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.


Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.


Eý, milletler, gidiň, urşuň, ýöne siz gyrlarsyňyz! Gulak goýuň, eý, uzakdaky ähli ýurtlar! Billeriňizi guşaň, ýöne gorkuň! Billeriňizi guşaň, ýöne siz gyrlarsyňyz!


Sen hem, eý, faraon, heläk bolarsyň we gylyçdan geçirilenler bilen bile sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň.


Ol ýene müň tirsek ölçedi; suw bir derýa boldy. Suw ýokary göterilendigi sebäpli men onuň içinden geçip bilmedim. Ondan ýüzüp geçäýmeseň, ýöräp geçip boljak däldi.


Baldyrlary demirdendi, aýaklarynyň ýarysy demirden, ýarysy hem toýundandy.


Patyşalyk, hökümdarlyk, tutuş gögüň astyndaky patyşalyklaryň beýikligi Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryna berler. Bu halkyň patyşalygy ebedi patyşalyk bolar. Ähli hökümdarlar bu halka gulluk edip, boýun egerler».


Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.


Şol gün Men Iýerusalimi ähli milletler üçin agyr daş ederin. Ony göterenleriň ählisi özlerine zeper ýetirer. Ýer ýüzüniň ähli milletleri birleşip, Iýerusalimiň garşysyna çykarlar.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.


Olar ne ten, ne ynsan isleginden, ne-de är höwesinden doglupdylar. Olar Hudaý tarapyndan doglan perzentlerdir.


Isa hakda Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: „Siz ussalaryň ret eden bu daşy binanyň burç daşy boldy“.


Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.


Mesih ynsan eli bilen ýasalan we asyl nusganyň ýöne bir görnüşi bolan iň mukaddes otaga girmedi. Ol biziň üçin Hudaýyň huzurynda häzir bolup, gökdäki mukaddes otaga girdi.


Hawa, iman eden siziň üçin bu daş gymmatlydyr. Emma iman etmedikler üçin, «Ussalaryň ret eden daşy, binanyň burç daşy boldy».


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Olar Guzy bilen söweşerler, ýöne Guzy olary ýeňer. Çünki Guzy şalaryň Şasy, taňrylaryň Taňrysydyr. Onuň çagyranlary, saýlanlary we sadyklary Onuň bilen bolarlar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ