Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:28 - Mukaddes Kitap

28 Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

28 Эмма гөклерде гизлин сырлары ачян Худай бар. Ахыркы гүнлерде нәме болҗагыны Небукаднесар патыша Ол билдирди. Ятыркаң дүйшүңде гөрен гөрнүшлериң шулар болмалы:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:28
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Ýusuba: «Biz düýş gördük, ýöne ony ýorup biljek adam ýok» diýip jogap berdiler. Ýusup olara: «Ýorgut Hudaýdan dälmidir näme?! Hany, düýşüňizi maňa gürrüň beriň» diýdi.


Ýusup faraona: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý faraona bähbitli düşündiriş berer» diýdi.


Ýusup faraona şeýle diýdi: «Jenabyň iki düýşüniň hem manysy birdir. Hudaý faraona Öz etjek zadyny aýan edipdir.


Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.


Rebbiň maňa eden ýagşylyklarynyň öwezini nädip dolaýyn?


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Senden gorkmajak barmy, eý, milletler Şasy?! Çünki bu diňe Saňa ýaraşýandyr. Milletleriň ähli akyldarlarynyň, bar patyşalyklarynyň arasynda Seniň ýalysy ýokdur.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar-gazaby ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».


Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar.


Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.


Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.


Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.


Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!»


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Ahyry meniň hudaýymyň adyna görä Belteşasar diýlip atlandyrylan, mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan Danyýel huzuryma geldi. Men oňa düýşümi gürrüň berdim:


Çünki daglara şekil beren, ýeli ýaradyp, Öz pikirlerini ynsanlara aýan eden, daň şapagyny garaňkylyga öwren, dünýäniň belent ýerlerine aýak basan Oldur, Onuň ady Reb Hökmürowan Hudaýdyr!


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň: „Eý, gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun!


Şonuň üçin hem indi bu aýdymy ýazyp alyň we ysraýyllara öwrediň, olar okasynlar. Şonda bu aýdym Maňa ysraýyllaryň garşysyna şaýat bolar.


Ahyrky günlerde, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz.


Eý, oglum, ahyrky günlerde elhenç pursatlaryň boljakdygyny bilip goý.


Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi.


Ähli zatdan öňürti şuny biliň: ahyrky günlerde öz betnebislerine çapýan bihaýa ýaňsylaýjylar peýda bolar.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ