Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эй, ата-бабаларымың Худайы! Саңа шөхрат ве өвги болсун! Чүнки маңа пайхас ве гудрат бердиң, Сенден дилән дилегимизи маңа аян этдиң, патышаның буйран задыны бизе ачып бердиң».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:23
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!


Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».


Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.


Hudaýymyz Reb biziň atalarymyz bilen bolşy ýaly, biziň bilenem bolsun, bizi hiç haçan taşlamasyn, terk etmesin.


Soň Dawut tutuş halkyň öňünde Rebbi alkyşlap, şeýle diýdi: «Eý, Atamyz Ysraýyl Hudaýy Reb, Saňa ezelden ebedä çenli alkyş bolsun!


Indi, eý, Hudaýymyz biz Saňa minnetdarlyk bildirýäris, Seniň şöhratly adyňa alkyş okaýarys.


«Atalarymyzyň Hudaýy, ýa Reb! Gökdäki Hudaý Sen dälmisiň? Bütin milletleriň patyşalyklarynyň üstünden höküm sürýän Sensiň. Güýç, gudrat Seniň eliňdedir, hiç kim Saňa garşy durup bilmez.


Hudaýym, Hudaýym, näme üçin meni terk etdiň? Näme üçin halas ederden, perýadymy eşiderden uzakdasyň Sen?


Ýöne welin mukaddessiň Sen! Ysraýyl alkyşlarynyň üstünde tagt guransyň Sen.


Öz halas edişiňiň şatlygyny Sen maňa gaýtar, yhlasly ruh berip, maňa söýget bol.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.


Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar.


Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir.


Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.


Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.


Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.


Hakykatdan-da Hökmürowan Reb syryny gullary pygamberlere aýan etmezden hiç zat etmez.


Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Şol wagt Isa Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin! Hawa, Atam, bu Seniň islegiňdi.


Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.


Mundan beýläk Men size gul diýmerin, sebäbi gul hojaýynynyň näme edýänini bilýän däldir. Men size dost diýýärin, sebäbi Atamdan eşiden ähli zatlarymy size aýtdym.


Bu kitap Isa Mesihiň beren aýanlygydyr. Hudaý ýakyn wagtda bolmaly wakalary Öz bendelerine aýan etmek üçin, bu aýanlygy Isa Mesihe berdi. Isa Mesih hem ony Hudaýyň perişdesi arkaly Öz guly Ýohanna aýan etdi.


Şonda ýaşulularyň biri maňa şeýle diýdi: «Aglama! Ine, Ýahuda tiresinden, Dawudyň kökünden bolan Arslan üstün çykdy. Ol ýedi möhür bilen möhürlenen düýrlenen kagyzy açmagy başarar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ