Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Чуң ве гизлин сырлары Ол ачяр, түмлүкде нәме боляныны Ол билйәр, Онуң Өзи нурда яшаяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:22
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup faraona: «Ony ýorýan men däldirin; diňe Hudaý faraona bähbitli düşündiriş berer» diýdi.


Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar, tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.


Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.


Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.


Çünki kesilip taşlanar pislik edýänler, Rebbe intizarlar ýeri miras alarlar.


Dana taý geljek barmy? Zatlaryň manysyny kim bilýär? Paýhas ynsanyň ýüzüni nurlandyrýar, oňa mähir berýär.


«Butlaryňyzy getiriň, goý, olar näme boljagyny aýtsynlar, oýlanyp, soňuny bilerimiz ýaly geçmişde bolanlary aýan etsinler, ýa-da boljak zatlary bize habar bersinler.


Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi? „Ol mamla“ diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi? Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi, hiç kim sözleriňizi eşitmedi.


Ine, öňki zatlar amala aşdy, Men täze zatlary yglan edýärin; ýüze çykmazdan öň olary size aýan edýärin».


Nury, garaňkylygy ýaradýan Mendirin, abadançylygy, betbagtçylygy getirýän-de Mendirin; bularyň hemmesini Men – Reb edýändirin.


Gizlin ýerlerde bukulany Meniň görmejek gümanym barmy? Muny Reb aýdýandyr. Asmany hem ýeri Men doldurmaýarynmy? Muny Reb aýdýandyr.


„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.


Patyşanyň soraýan bu işi juda agyr. Muny hudaýlardan başga hiç kim patyşa äşgär edip bilmez, olaryň bolsa mesgeni ynsanlar arasynda däldir».


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.


Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.


Men sende hudaýlaryň ruhunyň bardygyny, saňa ýiti aň, düşünje we beýik paýhaslylyk berlendigini eşitdim.


Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler.


Her bir ynsany nurlandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Isa ýene-de halka ýüzlenip: «Dünýäniň nury Mendirin. Meniň yzyma eýeren garaňkylykda gezmez, onda ýaşaýyş nury bolar» diýdi.


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Hudaý bu syry öňki nesillere aýan etmän, eýsem häzir Mukaddes Ruh arkaly Öz mukaddes resullaryna, pygamberlerine äşgär etdi.


Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Biziň Isa Mesihden eşidip, size yglan edýän habarymyz şudur: Hudaý nurdur, Onda hiç tümlük ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ