Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Дөври ве пасыллары үйтгедйән Олдур. Патышалары тагтдан агдарып, тагта чыкаряр. Ол акылдара пәхим-пайхас, дүшүнҗелә билим берйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:21
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň Süleýmanyň ýüregine salan paýhasyny eşitmek üçin bütin dünýä onuň didaryna zardy.


Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Hudaý Süleýmana deňiz kenaryndaky çäge deý uçursyz akyl-paýhas, duýgurlyk hem-de düşünjelilik berdi.


Hudaýyň Reb seni Ysraýyla hökümdar goýanda, Onuň kanunyny berjaý ederiň ýaly, goý, Reb saňa akyl-paýhas bersin.


Bu kitaplarda onuň nähili şalyk sürendigi, güýç-kuwwatynyň neneňsi bolandygy, onuň hem-de Ysraýylyň başdan geçiren wakalary we dünýäniň ähli patyşalary hakynda ýazylandyr.


Kanuny we höküm çykarylyşy oňat bilýän adamlardan maslahat soramak adat bolansoň, patyşa şol döwri oňat bilýän akyldarlardan maslahat sorady.


Ol şalaryň guşagyny gowşadyp, billerine ýüp baglaýar.


Men ony Öz Ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim.


Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.


Birnäçe ýyl geçenden soň, günorta patyşasy demirgazyk patyşasy bilen birleşer. Ol gyzyny demirgazyk patyşasyna berip, onuň bilen ýaraşyk baglaşar. Emma ol gyz bu ýaraşygyň güýjüni uzak saklap bilmez. Patyşa hem, onuň tohum-tiji hem uzak döwran sürmez. Şeýdip, bu gyz-da, onuň ýaranlary-da, kakasy-da, özüni goldanlar bilen bile ele düşerler.


Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.


Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».


Eger siz maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, size ýeke-täk bir höküm garaşýandyr. Wagtyň geçmegi bilen siz meniň pikirim üýtgär öýdüp, maňa ýalan we biderek zatlar aýtmak üçin öz araňyzda dilleşipsiňiz. Şoňa görä-de gören düýşümi maňa siziň özüňiz aýdyp berersiňiz. Şonda siziň onuň ýorgudyny aýdyp biljekdigiňize gözüm ýeter» diýdi.


Bu höküm gözegçileriň karary bilen çykdy. Bu çözgüt perişdeleriň buýrugy bilen berildi. Ähli janly-jandarlar şuny bilsin: ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaý höküm sürýär. Ol patyşalygy Öz islän adamyna berýär. Ynsanyň iň pesini onuň üstünden goýýar“.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.


Dünýäniň ähli ilaty hiç zat saýylar. Gögüň goşunyna hem, ýer ýüzüniň ilatyna hem Öz islän zadyny eder. Onuň elini saklap, «Seniň edýäniň näme?» diýjek hiç kim ýokdur.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Her bir ynsan öz üstünden höküm sürýän häkimiýete tabyn bolsun, sebäbi Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur. Höküm sürýän häkimiýetler Hudaý tarapyndan bellenendir.


Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ