Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:20 - Mukaddes Kitap

20 Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Ол шейле дийди: «Овалдан эбедә ченли Худайың адына алкыш ягсын, чүнки пайхас ве гудрат Оңа махсусдыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:20
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Duşmanlaryny onuň eline beren Beýik Hudaýa alkyş bolsun!» diýdi. Ybram ähli zadyň ondan birini Mäliksadyga berdi.


«Wada berşi ýaly, ysraýyl halkyna parahatçylyk beren Rebbe alkyş bolsun. Ol Öz guly Musa arkaly beren ýagşy wadalarynyň baryny berjaý etdi.


Soň Dawut tutuş halka: «Hudaýyňyz Rebbe alkyş okaň» diýip ýüzlendi. Tutuş halk öz ata-babalarynyň Hudaýy Rebbe alkyş okadylar. Olar baş egip, Rebbe sežde, patyşa-da tagzym etdiler.


Ýehoşapat halk bilen maslahatlaşandan soň, Rebbiň şanly huzurynda nagma hem öwgi aýdarlary ýaly aýdymçylar belledi. Aýdymçylar goşunyň öňünden gidip baryşlaryna: «Rebbe şükür ediň, çünki Onuň söýgüsi bakydyr» diýdiler.


Onsoň lewiler Ýeşuwa, Kadmyýel, Bany, Haşabneýa, Şerebýa, Hodyýa, Şebanýa we Petahýa dagy şeýle diýdiler: «Ör turuň we ezelden ebedä çenli bolan Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň! Ýa Reb, alkyşlardan, öwgülerden üstün bolan şöhratly adyňa alkyş bolsun!»


Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.


Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda, Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,


Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne, Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.


Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.


Olar gylyjyň zarbyna berler, hem-de şagallara şam bolar.


Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir.


Seniň taglymatyň neneňsi beýik, işleriň nähili gudratly! Gözleriň ynsanlaryň edýän ähli işlerini görýändir. Her kese öz tutan ýoluna görä, işiniň miwesine görä sylaglaýarsyň.


Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Olar batly ses bilen: «Damagy çalnan Guzy güýji hem-de baýlygy, paýhasy hem gudraty, hormaty hem şöhraty öwgüleri almaga mynasypdyr!» diýýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ