Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:18 - Mukaddes Kitap

18 Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Бу сырың ачылмагы үчин Гөгүң Худайындан рехим-шепагат сорап дилег этмеклерини Даныел олардан хайыш этди. Шонда Даныел ве онуң ёлдашлары Бабылың акылдарлары билен бирликде хеләк болҗак дәлдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:18
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eger galadaky bigünäleriň sany kyrk bäş bolaýsa, şonda nädersiň? Bäş adamyň kemterlik edýändigi üçin Sen tutuş galany weýran edermiň?» Ol Ybraýyma: «Eger-de Men ol ýerden kyrk bäş sany bigünäni tapsam, onda ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


„Meni çagyr, saňa jogap bereýin, seniň bilmeýän beýik hem pynhan zatlaryňyň syryny aýdaýyn“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.


Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».


Eý, patyşahym, bizi ýanyp duran küreden halas edip bilýän Hudaý – bu biziň gulluk edýän Hudaýymyzdyr, Ol bizi seniň eliňden halas eder.


On iki aý geçenden soň, ol Babylyň şa köşgüniň ýokarsynda gezmeläp ýördi.


Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gögüň Hudaýy Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Siz nähili pikir edýärsiňiz? Bir adamyň ýüz goýny bolup, olaryň biri azaşsa, ol togsan dokuzyny daglarda goýup, azaşanyň gözlegine çykmazmy?


Ýene size şuny aýdýaryn: eger araňyzdan iki adam islendik zady dilemek üçin bir ylalaşyga gelse, gökdäki Atam dilegleri bitirer.


Hirod Petrusy tutup, zyndana salandan soň, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýdy. Ony baýramdan soňra halkyň öňüne çykaryp, höküm etmek niýeti bardy.


Eý, doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň we Mukaddes Ruhuň söýgüsiniň hatyrasyna ýalbarýaryn: meniň üçin Hudaýa doga-dileg etmek bilen, meniň göreşime goşulyň.


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


Dawut sözüni dowam edip: «Meni ýolbarsdyr aýynyň penjesinden halas eden Reb şu piliştliniň elinden hem halas eder» diýdi. Şawul Dawuda: «Bar, Reb saňa ýar bolsun!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ