Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Патыша муны эшидип, газап атына атланды. Ол Бабылың әхли акылдарларыны өлдүрмеги буюрды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:12
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Akmagy gahar-gazap öldürýär, nadany gabanjaňlyk ýok edýär.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Patyşanyň gazaby ölüm çaparydyr, ýöne parasatly adam ony köşeşdirýär.


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Patyşanyň gazaby arslanyň nagrasy kimindir, onuň gaharyny getirýän öz janyna töwekgellik edýändir.


Gaharjaň adam jenjel turuzýandyr, gazaply adam ýazyk etdirýändir.


Soňra Danyýel patyşanyň Babylyň akyldarlaryny öldürmek üçin bellän adamy Arýogyň ýanyna bardy. Danyýel oňa: «Babylyň akyldarlaryna degme. Meni patyşanyň huzuryna elt, men onuň gören düýşüni ýorup berjek» diýdi.


Patyşa müneçjimlere şeýle jogap berdi: «Men şeýle karara geldim: eger-de siz meniň gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, siziň el-aýaklaryňyzy çapyp, öýleriňizi weýran etdirerin.


Şonda Nebukadnesar gahar-gazaba münüp, Şadragy, Meýşagy we Abednegony getirmeklerini buýurdy. Şeýdip, olary patyşanyň huzuryna getirdiler.


Şundan soň Şadraga, Meýşaga we Abednego garşy Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy. Gahardan ýaňa hatda onuň ýüzi gamaşyp gitdi. Ol ýanyp duran küräni adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrmaklaryny buýurdy.


Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.


Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ