Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Patyşanyň soraýan bu işi juda agyr. Muny hudaýlardan başga hiç kim patyşa äşgär edip bilmez, olaryň bolsa mesgeni ynsanlar arasynda däldir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Патышаның сораян бу иши җуда агыр. Муны худайлардан башга хич ким патыша әшгәр эдип билмез, оларың болса месгени ынсанлар арасында дәлдир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 2:11
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra ol Ýusuba: «Hudaý şu zatlaryň ählisini saňa aýan etdi, seniň ýaly düşbi, pähim-paýhasly adam ýokdur.


Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.


Emma Hudaý ýerde mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Emma Hudaý ýerde ynsanlaryň arasynda mesgen tutarmy? Seni hatda gök-de, gökleriň gögi-de içine sygdyryp bilmeýär. Onsoň meniň bu salan öýüm dagy nämejik!


Sen guluňdan Öz ýüzüňi gizleme, ejir çekýärin, tizräk jogap bersene!


Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn.


Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Ýaşlygyňdan bäri ugrunda jan çeken jadygöýleriňdir gözbagçylaryň bilen gal, belki, olardan peýda görersiň, belki, olar bilen gorkuzarsyň!


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Ine, men we Rebbiň maňa beren çagalary, Sion dagynda mesgen tutýan Hökmürowan Rebbiň Ysraýyldaky alamatlary we nyşanydyr.


Onsoň jadygöýler, palçylar, müneçjimler we bilgiçler geldiler. Men olara gören düýşümi gürrüň berdim, emma olar ony ýorup bilmediler.


Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.


Men alaryn ganlarynyň hununy hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Sionda mesgen tutýandyr».


Meniň mekan tutan topragymy, ýagny öz ýaşaýan ýeriňizi haramlamaň. Çünki ysraýyl halkynyň arasynda ýaşaýan Reb Mendirin».


Isa olara seredip: «Ynsanlar üçin bu mümkin däl, emma Hudaý üçin ähli zat mümkindir» diýdi.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


ýagny Hakykat Ruhuny berer. Dünýä Ony kabul edip bilmez, sebäbi dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, sebäbi Ol siziň araňyzda ýaşap, içiňizde bolar.


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Kim Meni söýýän bolsa, sözümi berjaý eder. Atam hem ony söýer. Men Atam bilen ol adamyň ýanyna baryp, onuň bilen ýaşarys.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ