Даныел 12:8 - Mukaddes Kitap8 Men eşitdim, ýöne düşünmedim. Şonuň üçin ondan: «Jenabym, bu zatlaryň soňy nähili bolar?» diýip soradym. အခန်းကိုကြည့်ပါ။Мукаддес Китап8 Мен эшитдим, йөне дүшүнмедим. Шонуң үчин ондан: «Җенабым, бу затларың соңы нәхили болар?» дийип сорадым. အခန်းကိုကြည့်ပါ။ |
Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.
Onsoň men bir perişdäniň geplänini eşitdim. Başga bir perişde bu geplän perişdä şeýle sorag berdi: «Bu görnüşde görlen zatlar haçana çenli dowam ederkä? Haçana çenli gündelik ýakma gurbanlygynyň ýerini weýrançylyk getirýän gozgalaň tutjakka we mukaddes öý bilen goşun aýak astyna taşlanyp depelenjekkä?»