Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 12:7 - Mukaddes Kitap

7 Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Мен сувуң ёкары акымында эгинбашы непис зыгыр матадан эдилен адамың саг хем чеп элини гөге галдырып, бакы Яшаяның адындан ант ичип: «Бир вагта, ики вагта ве ярым вагта ченли довам эдер. Мукаддес халкың гүйҗи соңуна ченли бүтинлей сындырыландан соңра, бу затларың әхлиси долы тамамланар» диенини эшитдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 12:7
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Hakymdan mahrum eden Hudaýyň, maňa ajy hasrat çekdiren Gudratygüýçliniň adyndan ant içýän,


Olara «Mukaddes halk, Rebbiň azat edenleri» diýler, saňa bolsa «Hudaýyň agtarany, terk edilmedik şäher» diýler.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ysraýyly saýlan günüm Ýakubyň nesline kasam eden günümdir we Müsür ýurdunda Özümi olara aýan edip: „Hudaýyňyz Reb Mendirin!“ diýip ant içen günümdir.


Başymy galdyryp seretsem, ine, eginbaşy nepis zygyr matadan, bili sap altyndan kemerli biri durdy.


Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler.


Suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamdan: «Bu geň zatlaryň soňy haçan geler?» diýip, olaryň biri sorady.


Men eşitdim, ýöne düşünmedim. Şonuň üçin ondan: «Jenabym, bu zatlaryň soňy nähili bolar?» diýip soradym.


Bellenen möhlet dolanda, men Nebukadnesar gözlerimi göge dikdim we akylyma geldim. Men Beýik Hudaýa alkyş aýtdym. Baky Ýaşaýany şöhratlandyrdym, hormatladym. Onuň hökümdarlygy ebedi hökümdarlykdyr. Patyşalygy nesilden-nesle dowam eder.


Indi men Nebukadnesar gögüň Patyşasyny öwgi bilen beýgeldip hormatlaýaryn. Çünki Onuň ähli işleri hakykat, ýollary adalatdyr. Tekepbirleri peseltmäge Onuň güýji ýetýändir.


Men seredip durkam, bu şah Hudaýyň mukaddes adamlary bilen uruş etdi we olardan üstün çykdy.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Ol: «Bu waka iki müň üç ýüz gije-gündiz dowam eder. Soňra mukaddes öý adalatsyzlykdan tämizlener» diýip jogap berdi.


Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder.


Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgy etmezligi ýüregiňize düwüň.


Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.


Çünki Ol şöhratda, meşhurlykda we sylag-hormatda Özüniň ýaradan ähli milletlerinden sizi ýokarda goýdy. Ol Öz söz berşi ýaly, siz Hudaýyňyz Rebbiň mukaddes halky bolarsyňyz».


Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.


Elimi göge galdyryp, ant içýärin: Men ebedi diri!


Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Aýala ýylanyň öňünden çöle, bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.


Aýal bolsa çöle gaçyp gitdi. Ol çölde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý şol ýerde oňa bir ýer taýýarlapdy.


Jandara tekepbir we Hudaýa dil ýetirýän sözleri sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem oňa öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanmaklyk hukugy berildi.


ýigrimi dört ýaşuly tagtda Oturanyň öňünde ýüzin düşüp, baky ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdiler, täçlerini tagtyň öňünde goýup:


Mahluklar her gezek tagtda Oturany, baky ýaşaýan Hudaýy şöhratlandyryp, Oňa hormat bildirip, şükür edenlerinde,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ