Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 12:4 - Mukaddes Kitap

4 Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Эмма, сен, Даныел, ахырзамана ченли бу сөзлери гизлин сакла ве бу китабы мөхүрле. Көп адамлар билимини артдырмак үчин өзлерини ол ере, бу ере урарлар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 12:4
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Ähli görnüş siziň üçin möhürli kitabyň sözleri kimindir. Ony okap bilýänlere berip: «Şuny oka» diýseňiz, olar: «Okap bilmeýäris, ol möhürlenen» diýerler.


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Görýänleriň gözleri ýumulmaz, eşidýänler-de gulak goýarlar.


Şägirtlerimiň arasynda şaýatlygy bagla, kanuny möhürle.


«Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň, belläň! Şäher meýdançalarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip, hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri bagyşlaýyn.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Emma men saňa hakykat kitabynda näme ýazylanyny aýan edeýin. Maňa olara garşy söweşmäge serdaryňyz Mikaýyldan başga hiç kim goldaw bermedi.


Halkyň arasyndaky akylly adamlar köp kişilere akyl-paýhas bererler, emma birnäçe günüň dowamynda olary gylyçdan geçirerler, otda ýakarlar we sürgün edip talarlar.


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Emma sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň. Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň».


Soňra men Danyýel seredenimde, biri derýanyň bu kenarynda, beýlekisi ol kenarynda duran başga iki adamy gördüm.


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi.


Jebraýyl maňa şeýle diýdi: «Diňle, ahyrky gahar-gazap günleri nämeleriň boljagyny men saňa aýdaýyn. Çünki bu görnüş ahyrzamanyň bellenen wagtyna degişlidir.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Patyşalygyň bu Hoş Habary ähli milletlere şaýatlyk hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, diňe şondan soň dünýäniň ahyry geler.


Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».


Bu ýedi gök gürrüldisi gürlände, men ýazmaga taýýarlandym. Ýöne gökden: «Ýedi gök gürrüldisiniň aýdanlaryny ýazma, ýöne möhürle! Goý, olar gizlin galsyn!» diýen bir ses eşitdim.


Onsoň ol maňa şeýle diýdi: «Bu kitabyň pygamberlik sözlerini gizlin saklama! Çünki olaryň berjaý bolmaly wagty golaýdyr.


Men tagtda Oturanyň sag elinde düýrlenen bir kagyz gördüm. Onuň iki tarapynda-da ýazgylar bolup, ýedi möhür bilen möhürlenendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ