Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Акыллы адамлар асман шөхлеси дейин нур сачарлар, көп адамлары догры ёла үндәнлер хем йылдызлар дей бакы хем эбедилик ягты сачарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 12:3
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olar Musanyň ýüzüni görüp bilýärdiler. Onuň ýüzi nur saçýardy. Soňra Musa Reb bilen gepleşmäge girýän wagtyna çenli, ýene-de ýapynja bilen ýüzüni örterdi.


Dogrynyň miwesi ýaşaýyş daragtydyr, akyldar adam ynsanlary gazanýar.


Akyllylar şöhrata eýe bolarlar, akmaklar bolsa uýada galarlar.


Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.


Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy.


Janynyň çeken jebir-jepalarynyň hözirini görüp, ol kanagatlanar. Öz bilşine görä, Meniň dogry gulum köpleri aklar, öz üstüne alar olaryň etmişini.


Emma olar maslahatymy alsadylar, halkyma sözlerimi eşitdirerdiler, şonda halky ýaman ýollaryndan, şer işlerinden gaýtarardylar.


Halkyň arasyndaky akylly adamlar köp kişilere akyl-paýhas bererler, emma birnäçe günüň dowamynda olary gylyçdan geçirerler, otda ýakarlar we sürgün edip talarlar.


Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr.


Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.


Şonda dogry adamlar gökdäki Atasynyň Şalygynda Gün kimin parlarlar. Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!»


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, ähli zadyň täzelenen döwri Ynsan Ogly Öz şöhratly tagtynda oturanda, Meniň yzyma düşen siz hem on iki tagtda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresine kazylyk edersiňiz.


Hojaýynyň sadyk hem akylly hyzmatkäri kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi?


Orakçy hem hakyny alýar, hem-de baky ýaşaýyş üçin hasyl toplaýar. Şeýdip, ekýän-de, orýan-da bilelikde şatlanýar.


Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Men Hudaýyň özüme beren merhemeti arkaly ussat binagär kimin ymaratyň binýadyny tutdum. Başga biri bolsa binany gurýar. Ýöne her kes öz gurýany babatda ünsli bolmalydyr.


Ine, Mesihiň Özi käbirlerini resul, käbirlerini pygamber, başga birilerini Hoş Habarçy, öwrediji, beýleki birlerini ýygnagyň çopanlary edip belledi.


Hakykatdan-da, siz şu wagta çenli özüňiz başgalara öwretmelidiňiz ahyry! Gaýtam, siz başgalara däl-de, başgalar size Hudaýyň taglymatynyň ilkinji esaslaryny öwretmeklerine mätäç. Size gaty iýmit däl-de, henizem süýt gerek!


Şeýle hem şuny ýatda saklaň, Rebbimiz siziň halas bolmagyňyz üçin sabyr edýär. Söýgüli doganymyz Pawlus hem özüne berlen akyldarlyk boýunça size bu hakda ýazypdy.


Meniň sag elimde görýän ýedi ýyldyzyň we ýedi altyn çyradanyň syry şeýle: ýedi ýyldyz ýedi ýygnagyň perişdelerini, ýedi çyradan hem ýedi ýygnagy aňladýandyr».


Goý, seniň duşmanlaryň hemmesi şeýdip ýok bolsun, ýa Rebbim! Seni söýýänler bar güýji bilen şöhle saçýan Gün ýaly güýçli bolsun!» Şondan soň ýurt kyrk ýyllap parahat ýaşady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ