Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 12:11 - Mukaddes Kitap

11 Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Гүнделик якма гурбанлыгың ятырылып, вейранчылык гетирйән йигренҗи задың дикелдилен вагтындан башлап, бир мүң ики йүз тогсан гүн гечер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 12:11
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly.


Bulary gutaranyňdan soň, ikinji gezek gyşar, ýöne bu gezek sag gapdalyňa gyşar. Şeýdip, ýahuda halkynyň ýazygyny çekersiň. Men muny her ýyly bir gün hasabyna öwrüp, jemi kyrk güni seniň üstüňe ýükledim.


«Öz gullaryňy on gün synap göräý. Goý, bize iýmek üçin gök-önümler, içmek üçin bolsa suw berilsin.


Onuň iberen goşunlary mukaddes ýeri we galany eýeläp, olary harama çykararlar. Olar gündelik ýakma gurbanlygyny ýatyryp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zady dikerler.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Hökümdar köpler bilen bir hepdelik berk äht baglaşar. Ýarym hepdeden soň bolsa gurbanlyk we sadaka bermesini goýar. Edilen karar onuň başyndan inýänçä, bu weýran ediji hökümdar ybadathananyň içinde weýrançylyk getirýän ýigrenji zady diker».


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Şonuň üçin hem weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň mukaddes ýerde dikilenini göreniňizde, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna okyjy dogry düşünsin.


Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin.


Emma ybadathananyň daşky howlusyny hasaba alma, ony ölçeme, sebäbi ol başga milletlere berlendir. Olar mukaddes şäheri kyrk iki aýlap depelär.


Aýal bolsa çöle gaçyp gitdi. Ol çölde müň iki ýüz altmyş günläp iýmitlener ýaly, Hudaý şol ýerde oňa bir ýer taýýarlapdy.


Jandara tekepbir we Hudaýa dil ýetirýän sözleri sowurýan bir agyz berildi. Şeýle hem oňa öz ygtyýaryny kyrk iki aýlap ulanmaklyk hukugy berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ