Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:45 - Mukaddes Kitap

45 Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

45 Ол өз шалык чадырларыны деңиз билен овадан мукаддес дагың арасында дикер. Эмма онуң өмрүниң соңы гелер, оңа көмек эден тапылмаз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:45
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, ähli halklar, eý, dünýäde ýaşaýanlar, ähliňiz muny eşidiň.


Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn».


Mukaddes dagymda zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez, bütin ýer ýüzi deňziň suwdan doluşy deý, Rebbi bilmekden dolar.


Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Böri bilen guzy bile otlar, öküz deý saman iýer şir, ýylan gum iýer. Meniň tutuş mukaddes dagymda hiç kime zelel ýetirmezler olar, hiç kimi heläk etmezler» diýýär Reb.


Ysraýyl ogullarynyň galla sadakasyny halal gapda Rebbiň öýüne getirişleri ýaly, olar hem siziň doganlaryňyzyň baryny atlarda, söweş arabalarynda, at arabalarynda, gatyrlardyr düýelerde ähli milletleriň içinden toplap, Meniň mukaddes dagyma – Iýerusalime Rebbe peşgeş hökmünde getirerler.


Seni arkan agdaryp süýrärin, demirgazygyň aňry uçlaryndan çykaryp, Ysraýyl daglarynyň üstüne getirerin.


Demirgazyk patyşasy özüne garşy çykana islän zadyny eder, hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol owadan ýurtda özüni berkarar eder we weýran ediş ygtyýaryna eýe bolar.


Ol owadan ýurda girer we on müňlerçe adam heläk bolar, emma Edomyň, Mowabyň we Ammonyň ýolbaşçylary onuň elinden gaçyp gutularlar.


Emma gündogardan we demirgazykdan gowşan habarlar ony howsala salar. Onsoň ol gazap atyna atlanyp, köp adamlary öldürmek we bütinleý ýok etmek üçin ýola düşer.


Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.


Emma kazyýet mejlisi höküm çykarar. Onuň hökümdarlygy elinden alnar, wes-weýran bolup, bütinleý ýok ediler.


Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.


Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy.


Men dileg edip, öz günämi we halkym Ysraýylyň günäsini boýun alyp, Hudaýymyň mukaddes dagy üçin Hudaýym Rebbiň huzurynda nalyşlarymy aýan edip durdum.


Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!


Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň, ýodalaryndan ýörär ýaly, Ol bize Öz ýollaryny öwreder». Çünki kanun Siondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.


Şol gün Iýerusalimde suw joşar. Suwuň ýarysy gündogardaky deňze, ýarysy günbatardaky deňze akar. Bu gyşyna-da, tomsuna-da şeýle dowam eder.


Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


bikanun adam peýda bolar. Reb Isa agzynyň demi bilen, Öz gelşiniň şanly şöwketi bilen ony ýok eder.


Tussag edilmeli – tussag ediler, gylyçdan ölmeli – gylyçdan öler. Hudaýyň halkynyň gaýratlylygy we sadyklygy, ine, şu ýerde gerekdir.


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


Olar ýer ýüzüni gurşap aldylar, Hudaýyň halkynyň düşelgesini, Onuň söýgüli şäherini gabadylar. Emma gökden inen ot olary ýakyp kül etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ