Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:40 - Mukaddes Kitap

40 Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

40 Ахырзаман вагтында гүнорта патышасы онуң билен чакнышар. Эмма демиргазык патышасы сөвеш арабаларыдыр атлылары ве биртопар гәмилери билен харасат ялы онуң үстүне дөкүлер. Ол юртлара гаршы сөвеш эдип, олары сил дей басар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:40
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik: Tüweleýleriň günortadan gelşi deý, basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.


Oklary ýitidir, ýaýlary-da dartylandyr, atlarynyň toýnaklary çakmakdaşa meňzeýär, arabalarynyň tigirleri tüweleýe.


Çünki Reb alaw bilen gelýär, söweş arabalary tüweleý dek, lowlaýan gazabyny, käýinjini ýalynly alaw kimin döker.


Ine, duşman bulut kimin gelýär, söweş arabalary harasat kimindir. Onuň atlary bürgütden ýyldamdyr. Dat günümize, biz weýran bolduk!


Men seni arkan agdaryp, äňleriňe çeňňek salaryn. Seni we bütin goşunyňy, atlaryňy, atlylaryňy, bezemen geýnüwli, uly hem kiçi galkanly, elleri syrylan gylyçly uly jemagatyňyň ählisini çykararyn.


Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».


Demirgazyk patyşasynyň ogullary söweşe taýýarlanyp, juda güýçli goşun toplarlar. Goşun sil kimin süýşüp gelip, basyp alar we öwrülip ýene-de günorta patyşasynyň galasyna hüjüm eder.


Günorta patyşasy gazap atyna atlanyp, demirgazyk patyşasyna garşy söweşer. Demirgazyk patyşasy hem uly bir goşuny aýaga galdyrar, emma onuň goşuny duşmanyndan ýeňler.


Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler.


Sil kimin gelip basan goşunlar onuň öňünden süpürilip aýrylar, hatda äht hökümdary-da ýeňlişe sezewar bolar.


Soňra güýjüni we kuwwatyny jemläp, ol beýik goşun bilen günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Günorta patyşasy-da has uly we güýçli goşun bilen urşa girişer. Emma günorta patyşasy özüne garşy gurlan dildüwşükler sebäpli ýeňiş gazanyp bilmez.


Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr.


Ol keseki hudaýyň kömegi bilen galalary berkarar eder. Patyşa özüni hökümdar hökmünde kabul edenleri has artyk sylaglar, olary köp adamlaryň üstünden häkim goýar. Ýurdy olara baýrak hökmünde paýlar.


Ýöne ol gyzyň kakasynyň, ýagny günorta patyşasynyň ýerine gyzyň kökünden bir baldak çykar, ol demirgazyk patyşasynyň garşysyna hüjüm edip, onuň galasyna girer. Olar bilen söweşip, ýeňiş gazanar.


Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi.


Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.


Şonda Reb Öz halkynyň üstünde peýda bolar, ýyldyrym deý uçar Onuň peýkamy. Hökmürowan Reb surnaý çalar-da, günortadan harasat turzup, ýola düşer.


Altynjy perişde käsesini beýik Ýewfrat derýasyna dökdi. Gündogardan gelýän patyşalaryň ýolunyň açylmagy üçin, derýanyň suwy gurady.


Atly goşunlarynyň sany müňlerçe müňdi, olaryň sanyny meniň özüm eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ