Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:37 - Mukaddes Kitap

37 Ol ata-babalarynyň hudaýlaryna, hatda aýallaryň iň söýgüli hudaýyna hem hormat goýmaz. Ol hiç bir hudaýy sylamaz, ol özüni hemme zatdan ýokarda saýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

37 Ол ата-бабаларының худайларына, хатда аялларың иң сөйгүли худайына хем хормат гоймаз. Ол хич бир худайы сыламаз, ол өзүни хемме затдан ёкарда саяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:37
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Beýik Hudaý aýala şeýle diýdi: «Göwrelilik döwrüňdäki hasratyňy has artdyraryn, agyr burgy bilen dograrsyň çagalaryňy sen, sen äriňe meýilli bolarsyň, emma ol höküm sürer seniň üstüňden».


Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».


Dodaklaryň saýlama şerap deý lezzet eçilsin. Şerap ýarym üçin aksyn, uklap ýatanlaryň dodaklaryndan süzülsin.


Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn.


Bulutlaryň depesine çykaryn, Beýik Hudaý ýaly ederin özümi».


«Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme.


«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Bulara derek ol galalaryň hudaýyna hormat goýar. Ata-babalarynyň tanamadyk hudaýyny altyn-kümüş, gymmatbaha daşlar we her dürli sylag-serpaýlar bilen hormatlar.


Kiçijik şah özüni hatda goşun serdaryna çenli beýgeltdi. Ol goşun serdarynyň elinden gündelik ýakma gurbanlygyny alyp, mukaddes öýi ýok etdi.


we ýesirleriň arasyndan bir owadan aýala göwnüňiz gidip, oňa öýlenmekçi bolsaňyz,


Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“.


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ