Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:30 - Mukaddes Kitap

30 Kitim gämileri oňa garşy çykar. Onsoň ol ruhdan düşüp, yzyna öwrüler. Ol gazap atyna atlanyp, mukaddes ähte garşy hereket eder we mukaddes ähte hyýanat edenlere hormat goýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Китим гәмилери оңа гаршы чыкар. Онсоң ол рухдан дүшүп, ызына өврүлер. Ол газап атына атланып, мукаддес әхте гаршы херекет эдер ве мукаддес әхте хыянат эденлере хормат гояр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:30
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.


Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym.


Şemagýany Hudaýyň ibermändigine göz ýetirdim. Ol hamala bir pygamber hökmünde maňa şu zatlary diýdi, sebäbi Tobyýa bilen Sanballat ony hakyna tutupdylar.


Sur hakyndaky pygamberlik: Eý, Tarşyş gämileri, Sur weýran boldy, perýat ediň! öýsüz-öwzarsyz galdy ol. Kiprden size habar geldi.


Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».


Kipriň kenarýakalaryna gidip görüň, Kedara adam ýollap, üns bilen gözden geçiriň. Ser salyň, heý, öň bolupmy şeýle zatlar?


Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler.


Demirgazyk patyşasy uly baýlyk bilen öz ýurduna dolanar, emma ýüregi mukaddes ähte garşy bolar. Ol niýetini amala aşyryp, ýurduna dolanar.


Bellenen wagtda ol ýene-de günorta öwrülip geler, emma bu gezek öňki ýaly bolmaz.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Emma Kitimden gämiler gelip, Aşur bilen Eberi gulçulykda ezerler, olaryň yzy hem müdimilik ýiter».


Şonda köpler Menden el çekip, bir-birlerine haýynlyk ederler, bir-birlerini ýigrenerler.


Şoňa görä, eý, gök we onda ýaşaýanlar, heşelle kakyň! Eý, ýer we deňiz, siziň bolsa halyňyza waý! Çünki iblis ýanyňyza indi, ol wagtynyň azalandygyny bilensoň, gazap atyna mündi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ