Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.
Soňra güýjüni we kuwwatyny jemläp, ol beýik goşun bilen günorta patyşasynyň garşysyna çykar. Günorta patyşasy-da has uly we güýçli goşun bilen urşa girişer. Emma günorta patyşasy özüne garşy gurlan dildüwşükler sebäpli ýeňiş gazanyp bilmez.
Kitim gämileri oňa garşy çykar. Onsoň ol ruhdan düşüp, yzyna öwrüler. Ol gazap atyna atlanyp, mukaddes ähte garşy hereket eder we mukaddes ähte hyýanat edenlere hormat goýar.
Jebraýyl maňa şeýle diýdi: «Diňle, ahyrky gahar-gazap günleri nämeleriň boljagyny men saňa aýdaýyn. Çünki bu görnüş ahyrzamanyň bellenen wagtyna degişlidir.