Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:27 - Mukaddes Kitap

27 Bu patyşalaryň ikisiniň-de ýüreginde erbet niýet bolar. Olar bir saçagyň başynda bile oturyp, ýalan sözlärler, ýöne bu ýol almaz, çünki munuň soňy bellenen wagtda geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

27 Бу патышаларың икисиниң-де йүрегинде эрбет ниет болар. Олар бир сачагың башында биле отурып, ялан сөзләрлер, йөне бу ёл алмаз, чүнки мунуң соңы белленен вагтда гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:27
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom oňa: «Bolmasa, doganym Amnon gidäýsin» diýdi. Patyşa oňa: «Näme üçin ol seniň bilen gitmeli?» diýip sorady.


Ýa Reb, haçana çenli maňa nazar saljak däl? Sen meni baky unudaýjakmy? Haçana çenli gizlejek menden ýüzüňi?


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Üflenip çalynýan saz guralynda. Maskil. Dawudyň mezmury.


Eý, Hudaýym, halas et meni ýagylarymdan, gora meniň garşyma baş galdyrýanlardan.


Meniň janym Saňa mäkäm ýapyşýar, Seniň goluň meni goldaýar.


Eý, bizi halas eýleýän Hudaý! Gutulyşyň gudratly işlerini görkezmek bilen, Sen biziň dogalarymyza jogap berýärsiň. Ýeriň dört künjüniň, ummanyň aňyrsynda ýaşaýanlaryň umydy – Sensiň.


Ýaman niýetliniň ýüreginde hile bardyr, salamatlygy niýetleýän bolsa şatlyk alar.


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Süýji dilli hem ýaman ýürekli adam kümüş suwy çaýylan toýun gap ýalydyr.


Ysraýyla Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ol üzüm şahasy boý alyp ösermi? Birinji bürgüt täze baldaklary gurasyn diýip, köklerini sogurmazmy, miwesini ýolmazmy? Kökünden sogurmak üçin güýçli gol ýa-da beýik goşun gerek bolmaz ahyryn.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.


Demirgazyk patyşasy uly baýlyk bilen öz ýurduna dolanar, emma ýüregi mukaddes ähte garşy bolar. Ol niýetini amala aşyryp, ýurduna dolanar.


Bellenen wagtda ol ýene-de günorta öwrülip geler, emma bu gezek öňki ýaly bolmaz.


Galanlaryň ahyrzamana çenli günälerinden saplanmagy, päklenmegi we aklanmagy üçin akylly adamlardan birnäçesi heläk bolar. Çünki entek bellenen möhlete wagt bardyr.


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi.


Jebraýyl maňa şeýle diýdi: «Diňle, ahyrky gahar-gazap günleri nämeleriň boljagyny men saňa aýdaýyn. Çünki bu görnüş ahyrzamanyň bellenen wagtyna degişlidir.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Isa olara: «Atamyň Öz ygtyýary arkaly kesgitlän wagtyny ýa möhletini bilmek siziň işiňiz däl.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Eý, doganlar, bu wakalaryň wagty we seneleri hakda size ýazmagyň geregi ýok.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ