Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:24 - Mukaddes Kitap

24 Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ол велаята болчулык дөврүнде дуйдансыз барып, ата-бабаларының хич хачан эдип билмедик ишлерини эдер. Талаң, чапавулчылык эдип, олҗаны өз гошунының арасында пайлар. Галаларың гаршысына дилдүвшүк гурар, эмма бу узак гитмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:24
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, olar galaly şäherleri, mes toprakly ýerleri basyp aldylar. Içi oňat zatlardan doly öýleri, gazylan guýulary, üzüm baglaryny, zeýtun baglaryny, köp sanly miweli agaçlary eýelediler. Şeýdip, olar iýip doýdular, semrediler. Seniň uly sahawatyňdan lezzet aldylar.


Para ony berýäniň gözüne bir tumar kimindir, ol nirä öwrülse, üstünlik getirer.


Jomardyň ýüzüni küýseýänler köp, hemmeler eli açyga dost.


Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr, «Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.


Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn; Ysraýylyň belent daglary olaryň örüsi bolar; ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Namart adam ylalaşyk baglaşmak bilen hile gurar we kiçi goşun bilen güýçlener.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda?


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?


Olar Abymelege Bagalberit buthanasyndan ýetmiş kümüş teňňe alyp berdiler. Belli bir işiň başyny tutman, işsiz, göwne gelenini edip, göwün hoşlap gezip ýören adamlara Abymelek şol kümüşleri berip, olary hakyna tutdy-da, öz yzyna düşürdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ