Ol welaýata bolçulyk döwründe duýdansyz baryp, ata-babalarynyň hiç haçan edip bilmedik işlerini eder. Talaň, çapawulçylyk edip, oljany öz goşunynyň arasynda paýlar. Galalaryň garşysyna dildüwşük gurar, emma bu uzak gitmez.
Ol güýçlenip kuwwatlanar, ýöne bu onuň öz güýji bilen bolmaz. Ol elhenç weýrançylyklar getirer, edýän işi rowaçlanar. Ol güýçlüleri we mukaddes adamlary heläk eder.
Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.
Olaryň kalby her tüýsli ýamanlykdan, adalatsyzlykdan, açgözlükden we azgynlykdan doludyr. Olar görip, ganhor, dawaçyl, ýalançy we betpäldir. Olar gepçi,
Ýöne ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň-de aldanmagyňyzdan gorkýaryn. Men pikirleriňiziň bulaşdyrylyp, Mesihe bolan päk sadyklygyňyzdan aýrylarmykaňyz diýip gorkýaryn.