Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:21 - Mukaddes Kitap

21 Onuň ýerine patyşalyk hormatyna mynasyp bolmadyk bir namart adam peýda bolar. Ol duýdansyz gelip, patyşalygy mekirlik bilen eline alar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Онуң ерине патышалык хорматына мынасып болмадык бир намарт адам пейда болар. Ол дуйдансыз гелип, патышалыгы мекирлик билен элине алар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:21
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.


Akmaga mundan beýläk asylzada diýilmez, ýaramaza hormat goýulmaz.


Demirgazyk patyşasynyň ýerine patyşalygyň şöhraty üçin salgyt ýygnamaga iberýänçi biri bolar. Ol hem birnäçe günden ýok ediler, ýöne bu ne gahar üsti bilen, ne-de söweş üsti bilen ýok ediler.


Ol ähte hyýanat edenleri hilegärlik bilen ýolundan azdyrar, emma öz Hudaýyna wepaly halk bolsa berk durup, oňa garşy hereket eder.


Ýeňlişe sezewar bolanlarynda, olara biraz kömek ediler. Köp adam ýaranjaňlyk bilen olara goşular.


Ýöne ol gyzyň kakasynyň, ýagny günorta patyşasynyň ýerine gyzyň kökünden bir baldak çykar, ol demirgazyk patyşasynyň garşysyna hüjüm edip, onuň galasyna girer. Olar bilen söweşip, ýeňiş gazanar.


Seniň gören bu agajyň, ýagny belent we güýçli, boýy asmana ýetip duran, dünýäniň çar künjünden hem görnüp duran,


Şahlara üns berip durkam, olaryň arasyndan ýene-de başga bir kiçijik şah peýda boldy. Öňki peýda bolan şahlardan üçüsi onuň öňünden köki-damary bilen sogruldy. Bu şahyň ynsanyň gözlerine meňzeş gözleri we tekepbirlik bilen gepleýän agzy bardy.


Bu dört patyşalygyň soňy ýakynlaşanda, günäleri ýetjek derejesine ýetende, tekepbir, diýseň mekir patyşa dörär.


Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.


Olaryň birinden başga bir kiçijik şah peýda boldy. Ol günorta, gündogara we owadan ýurda tarap has ulaldy.


Reb siz barada şeýle buýruk berýär: «Adyňyzy dowam etdirer ýaly, sizden zürýat önmez. Hudaýlaryňyzyň buthanasyndaky oýma, guýma butlary ýok ederin. Siziň gabryňyzy taýynlaryn, çünki siz ýigrenjisiňiz».


Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ