Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:16 - Mukaddes Kitap

16 Demirgazyk patyşasy özüne garşy çykana islän zadyny eder, hiç kim onuň öňünde durup bilmez. Ol owadan ýurtda özüni berkarar eder we weýran ediş ygtyýaryna eýe bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Демиргазык патышасы өзүне гаршы чыкана ислән задыны эдер, хич ким онуң өңүнде дуруп билмез. Ол овадан юртда өзүни беркарар эдер ве вейран эдиш ыгтыярына эе болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:16
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol joşup, Ýahuda geçer we ony-da basar; ýurduň bogazyna ýeter. Ýaýylan ganatlarynyň gerimi ýurduň ähli çäklerine ýeter, eý, Imanuwel».


Sizi çagalarymyň arasynda ornaşdyryp, size gözel ýurdy – ähli milletleriň iň ajaýyp mirasyny bermekçidim. Siz Meni Atam diýip çagyrarsyňyz, Menden ýüz öwürmersiňiz öýtdüm.


Soňra güýçli bir patyşa çykar. Ol beýik patyşalygy bilen höküm sürüp, öz islänini eder.


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Ol owadan ýurda girer we on müňlerçe adam heläk bolar, emma Edomyň, Mowabyň we Ammonyň ýolbaşçylary onuň elinden gaçyp gutularlar.


Ol öz şalyk çadyrlaryny deňiz bilen owadan mukaddes dagyň arasynda diker. Emma onuň ömrüniň soňy geler, oňa kömek eden tapylmaz».


Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.


Goçuň günbatar, demirgazyk we günorta taraplara süsýändigini gördüm. Hiç bir haýwan onuň öňünde durup, hiç kim onuň elinden gutulyp bilmeýärdi. Ol islän zadyny edýärdi we gitdigiçe güýçlenýärdi.


Men onuň goça golaý baranyny gördüm. Ol goça gazap bilen hüjüm etdi, ony süsüp, iki şahyny-da döwdi. Onuň öňünde durmaga goçuň güýji ýokdy. Erkeç ony ýere çalyp depeledi. Goçy onuň elinden halas etjek hiç kim ýokdy.


Olaryň birinden başga bir kiçijik şah peýda boldy. Ol günorta, gündogara we owadan ýurda tarap has ulaldy.


Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ