Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:12 - Mukaddes Kitap

12 Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Бу гошун эле дүшенсоң, гүнорта патышасының йүреги галкынар. Йөне ол он мүңлерче адамы өлдүрсе-де, онуң еңши узага чекмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:12
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Elbetde, sen edomlylary gyrdyň we muňa seniň göwnüň galkdy. Şu ýeňşiňe guwan-da, öýüňde otur. Sen näme üçin uruşmaga bahana agtarýarsyň? Sen özüňiň we Ýahudanyň halkynyň başyna bela getirersiň».


Sen: „Ine, men edomlylardan üstün çykdym“ diýip öwnüp, muňa buýsanýarsyň. Sen öýüňde otur. Näme üçin sen özüňiň we patyşalygyň başyna bela getirmegine bahana agtarýarsyň?»


Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


Emma Hizkiýa özüne edilen ýagşylygy ödemedi, ol gopbamsylyk etdi. Şonuň üçin hem Hizkiýanyň, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstüne gazap indi.


Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň gedemlik gelýändir.


Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň, şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň; Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.


«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“».


Günorta patyşasy gazap atyna atlanyp, demirgazyk patyşasyna garşy söweşer. Demirgazyk patyşasy hem uly bir goşuny aýaga galdyrar, emma onuň goşuny duşmanyndan ýeňler.


Çünki demirgazyk patyşasy ýene-de öňküsinden hem has beýik bir goşun toplar. Birnäçe ýyldan soň ol doly ýaraglanan agyr goşun bilen geler.


Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.


Öz danalygy bilen hilegärlikde üstünlik gazanar we ýüreginde özüni beýgelder. Duýdurmazdan köp halky ýok eder, hatda hökümdarlaryň Hökümdaryna garşy çykar. Emma onuň özi ynsan eli degmezden synar.


gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň.


Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ