Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 11:11 - Mukaddes Kitap

11 Günorta patyşasy gazap atyna atlanyp, demirgazyk patyşasyna garşy söweşer. Demirgazyk patyşasy hem uly bir goşuny aýaga galdyrar, emma onuň goşuny duşmanyndan ýeňler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Гүнорта патышасы газап атына атланып, демиргазык патышасына гаршы сөвешер. Демиргазык патышасы хем улы бир гошуны аяга галдырар, эмма онуң гошуны душманындан еңлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 11:11
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wagt bir pygamber ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna baryp, Reb saňa şeýle diýýär: «Bu ägirt uly goşuny görýärsiňmi? Şu gün Men ony seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.


Bu goşun ele düşensoň, günorta patyşasynyň ýüregi galkynar. Ýöne ol on müňlerçe adamy öldürse-de, onuň ýeňşi uzaga çekmez.


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Emma gündogardan we demirgazykdan gowşan habarlar ony howsala salar. Onsoň ol gazap atyna atlanyp, köp adamlary öldürmek we bütinleý ýok etmek üçin ýola düşer.


Günorta patyşasy güýçlener, emma onuň öz serkerdelerinden biri ondan has güýçlenip, serkerdäniň hökümdarlygy has beýgeler.


Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň!


Men onuň goça golaý baranyny gördüm. Ol goça gazap bilen hüjüm etdi, ony süsüp, iki şahyny-da döwdi. Onuň öňünde durmaga goçuň güýji ýokdy. Erkeç ony ýere çalyp depeledi. Goçy onuň elinden halas etjek hiç kim ýokdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ