Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 10:6 - Mukaddes Kitap

6 Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Онуң бедени сары якут ялыды, йүзи йылдырым ялы өвшүн атярды. Гөзлери янып дуран шамчыраг, голлары ве аяклары ялпылдавук бүрүнч ялы ялпылдаярды, сеси улы мәхелләниң галмагалы ялыды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 10:6
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn.


Gollary ýüzi sary ýakut bilen bezelen togalak altyndyr, göwresi gök ýakuda gaplanan pil süňküdir.


Jandarlar ýyldyrym çaltlygynda gelip-gidip durdular.


Tigirleriň görnüşi we gurluşy şeýledi: olar sary ýakut kimin ýalpyldaýardy we dördüsi-de biri-birine meňzeşdi; olaryň görnüşleri we gurluşlary tigir içindäki tigir ýalydy.


Olar ýöränlerinde, ganatlaryndan çykýan sesi eşitdim: joşup akýan suwlaryň şaggyldysy, Gudratygüýçliniň sesi we uly goşunyň gürpüldisi ýalydy. Olar duranlarynda, ganatlaryny aşak goýberýärdiler.


Aýaklary gönüdi, dabanlary göläniň toýnagyna meňzeýärdi we ýaldyrawuk bürünç kimin şöhle saçýardy.


Görsem, keruplaryň gapdalynda dört tigir bar eken. Her bir kerubyň gapdalynda bir tigir bardy, tigirler sary ýakut kimin ýalpyldaýardy.


Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy.


Men seredenimde, oduň görnüşinde bir adamyň şekilini gördüm. Onuň bilinden aşagy oda meňzeýärdi, bilinden ýokarsy bolsa ýakut ýaly şöhle saçýardy.


Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy.


Onuň görnüşi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy, eginbaşy gar ýaly akdy.


Doga okap otyrka, Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy.


Onsoň men gökden aşak inip gelýän başga bir güýçli perişdäni gördüm. Ol buluda bürenipdi, onuň başynyň ýokarsynda älemgoşar şugla saçýardy. Perişdäniň ýüzi gün ýaly şöhle saçýardy, aýaklary bolsa ot sütünleri ýalydy.


Onuň gözleri ot ýaly ýanýardy, başynda hem birtopar täji bardy. Onuň maňlaýyna Onuň ady ýazylgydy, ýöne bu ady Özünden başga hiç kim bilýän däldir.


«Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:


bäşinjisi sardoniks, altynjysy gyrmyzy sardoniks, ýedinjisi altyn-sary daş, sekizinjisi gök zümerret, dokuzynjysy goýy sary daş, onunjysy pöwrize, on birinjisi mämişi reňkli daş, on ikinjisi benewşe reňkli gymmatbaha daşlary bilen bezelendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ