18 Onsoň ýaňky ynsana meňzeş bolan ýene-de maňa elini degirdi, meni güýçlendirdi.
18 Онсоң яңкы ынсана меңзеш болан ене-де маңа элини дегирди, мени гүйчлендирди.
Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym, köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi.
Ol beýik güýji bilen garşyma çykarmydy? Ýok, Ol maňa gulak asardy.
Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.
Şonda bir el maňa galtaşyp, dyzyma galdyrdy.
Şol wagt ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degirdi. Men agzymy açyp geplemäge başladym, öňümde durana ýüzlenip, şeýle diýdim: «Eý, jenabym, bu görnüş zerarly men dert çekdim, mende güýç-kuwwat galmady.
Men Danyýel gören görnüşimden many çykarmaga synanyşýarkam, birdenkä ynsan sypatyndaky biri meniň öňümde peýda boldy.
Ol maňa bu sözleri aýdýarka, huşumdan gidip, ýere ýüzin ýykyldym, ýöne ol meni tutup, aýak üstüne galdyrdy.
Emma Men imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülip geleniňde, doganlaryňy kuwwatlandyr» diýdi.
Gökden bir perişde görnüp, Ony güýçlendirdi.
Ol ýerde birnäçe wagt bolandan soň, ýene ýola düşdi, Galatýa we Frikiýa ülkelerini aýlanyp, ähli şägirtleri imanda berkitdi.
Goý, Ol çäksiz şan-şöhraty bilen Öz Ruhy arkaly siziň içki barlygyňyzy gudrat bilen güýçlendirsin.
Maňa kuwwat berýän Isa Mesih arkaly ähli zady başarýaryn.
Goý, Ol sizi beýik gudraty bilen kuwwatlandyrsyn; siziň sabyr-takatly bolup, ähli zada döz gelmegiňiz üçin güýç-kuwwat bersin.
Şawulyň öz kastyna çykandygyny Dawut Horeşdäki Zip çölündekä eşitdi.