Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Şol wagt ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degirdi. Men agzymy açyp geplemäge başladym, öňümde durana ýüzlenip, şeýle diýdim: «Eý, jenabym, bu görnüş zerarly men dert çekdim, mende güýç-kuwwat galmady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Шол вагт ынсана меңзеш бири додакларыма элини дегирди. Мен агзымы ачып геплемәге башладым, өңүмде дурана йүзленип, шейле дийдим: «Эй, җенабым, бу гөрнүш зерарлы мен дерт чекдим, менде гүйч-кувват галмады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 10:16
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


Musa bolsa ýene-de: «Eý, Taňrym, ýalbarýaryn, şol ýere maňa derek başga birini iberäýsene» diýdi.


«Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür. Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».


Seraf közi agzyma degrip, şeýle diýdi: «Ine, bu köz dodaklaryňa degdi. Indi ýazyklaryň aýryldy, günäleriňden saplandyň».


Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.


Gümmeziň depesinde ýakut görnüşli tagtyň keşbi bardy; tagtyň keşbiniň üstünde ynsan görnüşinde bir keşp bardy.


Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».


Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.


Men eşitdim, ýöne düşünmedim. Şonuň üçin ondan: «Jenabym, bu zatlaryň soňy nähili bolar?» diýip soradym.


eý, patyşa, bu agaç sensiň! Sen ulalyp güýçlendiň. Beýikligiň gitdigiçe ösüp, göge ýetdi, hökümdarlygyň dünýäniň çar künjegine ýaýrady.


Gören görnüşlerim men Danyýeli böwrüme pyçak sanjylan ýaly howsala saldy.


Ine, şu ýerde gürrüň gutarýar. Pikirlerim men Danyýeli howsala saldy, ýüzümde reňk-pet galmady, emma men bu sözleri ýüregimde sakladym.


Men Danyýel gören görnüşimden many çykarmaga synanyşýarkam, birdenkä ynsan sypatyndaky biri meniň öňümde peýda boldy.


Şeýdip, Jebraýyl meniň duran ýerime geldi. Ol gelende, men dowla düşüp, özümi ýere taşladym. Emma ol maňa: «Eý, ynsan ogly, muny bilgin, bu görnüş ahyrzamana degişlidir» diýdi.


Ol maňa bu sözleri aýdýarka, huşumdan gidip, ýere ýüzin ýykyldym, ýöne ol meni tutup, aýak üstüne galdyrdy.


Men Danyýel takatdan düşdüm, birnäçe günläp ýaramadym. Soňra aýak üstüne galyp, ýene-de patyşanyň işleri bilen meşgul boldum. Men bu görnüşe aňka-taňka boldum, oňa düşünmedim.


Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.


Şol wagt Zekarýanyň dili açylyp, Hudaýa öwgi aýdyp, geplemäge başlady.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Tomas Oňa: «Sen meniň Rebbimsiň! Meniň Hudaýymsyň!» diýdi.


Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady.


olaryň arasynda bolsa ynsan ogluna meňzeş Birini gördüm. Onuň egnindäki lybasy topugyna düşüp durdy, bilinde bolsa altyndan guşagy bardy.


Manowa Rebbe ýüzlenip: «Ýa Reb! Goý, bize iberilen Hudaýyň adamy ýanymyza ýene-de gelsin hem-de bizden doguljak çaga näme etmelidigimizi öwretsin» diýip ýalbardy.


Gidegon oňa: «Eý, jenabym, eger Reb biziň bilen bolsa, onda nädip biziň başymyza şunça betbagtlyk gelýär? Ata-babalarymyz: „Reb bizi Müsürden alyp çykdy“ diýip, bize gürrüň berýärdiler. Hany, Rebbiň şol gudratlary? Indi Reb bizi terk edip, midýanlaryň eline berdi» diýdi.


Gidegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşa tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ