Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 10:14 - Mukaddes Kitap

14 Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мен ахыркы гүнлерде сениң халкыңың башына нәмелериң гелҗегини саңа дүшүндирмәге гелдим, чүнки бу гөрнүш шол гелҗек дөвре дегишлидир».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 10:14
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.


Ahyrky günlerde şeýle bolýar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, ähli milletler oňa tarap eňerler.


«Eý, ynsan ogly! Ine, ysraýyl halky: „Oňa gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär“ diýýär.


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.


Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:


Men Ulaý kanalynyň ortasyndan bir ynsanyň sesini eşitdim, ol gygyryp: «Jebraýyl, bu adama görnüşden many çykarmaga kömek et» diýdi.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Ol maňa şeýle düşündirdi: «Danyýel, men saňa akyl-paýhas we düşünje bermek üçin geldim.


Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler.


Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


Ahyrky günlerde, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz.


Eý, oglum, ahyrky günlerde elhenç pursatlaryň boljakdygyny bilip goý.


Indi biz şundan soň halas bolmagyň bu ajaýyp ýoluny inkär etsek, onda heý-de jezadan halas bolup bilerismi? Halas bolmagyň bu ýoluny owal-başda Reb yglan etdi we muny Isa Mesihiň hut Özünden eşidenler tassykladylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ