Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 10:12 - Mukaddes Kitap

12 Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ол сөзүни довам эдип, маңа шейле дийди: «Даныел, горкма, чүнки дүшүнмеги йүрегиңе дүвен ве Худайыңың өңүнде өзүңи песпәл тутан илкинҗи гүнүңден башлап, сениң сөзлериң диңленди ве мен сениң сөзлериң себәпли гелдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 10:12
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Towşanýüreklilere: «Gaýrata galyň! Gorkmaň! Ine, Hudaýyňyz öç almaga gelýär, Ol mynasyp hak bilen gelip, sizi halas eder» diýiň.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin. Muny Men – Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz aýdýandyr.


Onsoň dileg edersiňiz, Reb jogap berer; perýat edersiňiz, Ol: «Men bu ýerde» diýer. Araňyzdan boýuntyrygy, barmak çommaltmagy, ýaman gepleri aýyrsaňyz,


Olar çagyrmanka, Men jogap bererin, gepläp durkalar, Men eşiderin.


Ol maňa: «Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Meniň saňa aýtjak sözlerime gulak goý. Tur, aýaga gal, çünki men seniň ýanyňa iberildim» diýdi. Ol bu sözleri aýdanda, men titräp ýerimden galdym.


Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.


Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun: ýedinji aýyň onunjy güni siz gije-gündiz agyz bekläp, işlemäň. Şol gün ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de işlemesin.


Ol gün Sabat güni bolup, siziň üçin doly dynçlyk günüdir. Şol gün siz gije-gündiz agyz bekläň. Bu siziň üçin ebedilik düzgün bolsun.


Şu ýedinji aýyň onunjy güni siz mukaddes ýygnanyşyk geçirip, öz islegiňizi terk edip, agyz bekläň, şol gün işlemäň.


Onsoň Isa olara: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýdi.


Perişde aýallara: «Gorkmaň! Men siziň haça çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin.


Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri.


Emma perişde oňa şeýle diýdi: «Eý, Zekarýa, gorkma, sebäbi seniň Hudaýdan eden dilegiň kabul boldy. Aýalyň Elizabet saňa bir ogul dogrup berer, sen onuň adyna Ýahýa dakarsyň.


Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň.


Perişde olara: «Gorkmaň! Men size ähli halky begendirjek şatlykly Hoş Habary yglan edýärin:


Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?


Ol: „Gorkma, Pawlus! Sen imperatoryň öňünde durmalysyň. Sen sebäpli gämide barýanlaryň hemmesini Hudaý aman saklar“ diýdi.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ