10 Şonda bir el maňa galtaşyp, dyzyma galdyrdy.
10 Шонда бир эл маңа галташып, дызыма галдырды.
Soňra Reb elini uzadyp, agzyma degirdi we maňa şeýle diýdi: «Ine, Men sözlerimi seniň agzyňa saldym.
Şol wagt ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degirdi. Men agzymy açyp geplemäge başladym, öňümde durana ýüzlenip, şeýle diýdim: «Eý, jenabym, bu görnüş zerarly men dert çekdim, mende güýç-kuwwat galmady.
Onsoň ýaňky ynsana meňzeş bolan ýene-de maňa elini degirdi, meni güýçlendirdi.
Ol maňa bu sözleri aýdýarka, huşumdan gidip, ýere ýüzin ýykyldym, ýöne ol meni tutup, aýak üstüne galdyrdy.
Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.
Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.