Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 10:1 - Mukaddes Kitap

1 Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Парс патышасы Курешиң патышалыгының үчүнҗи йылында Белтешасар, ягны Даныеле бир ылхам гелди. Бу ылхам хакыкатды ве бейик бир уршуң болҗакдыгы барадады. Ол бу гөрнүшден маны чыкарып, ылхама дүшүнди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 10:1
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Faraonyň şol bir düýşi iki gezek görmegi işiň Hudaý tarapyndan kesgitlenendigini we Hudaýyň ony tizara amala aşyrjakdygyny aňladýar.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşar ýaly, Reb Kureş patyşanyň ulanýan ýazuwynda perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna çapar üsti bilen jar etmegi onuň kalbyna saldy.


Şonuň üçinem olar daş ýonujylara, neçjarlara pul, sidonlylara we surlulara Liwandan deňiz üsti bilen Ýafo çenli kedr agaçlaryny getirmekleri üçin iýmit, içgi we zeýtun ýagyny berdiler. Olara bu zatlary etmäge Pars patyşasy Kureşden rugsat bardy.


Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.


Ýahudalaryň niýetlerini amala aşyrtmazlyk üçin, olaryň garşysyna maslahatçylar tutdular. Bu ýagdaý Pars patyşalary Kureşiň patyşalyk eden döwründen tä Darýuşyň döwrüne çenli dowam etdi.


Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar.


Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi: „Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun.


Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Kureş patyşanyň şalygynyň birinji ýylyna çenli Danyýel şol ýerde köşkde hyzmat etdi.


Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Indi men saňa hakykaty aýdyp bereýin. Pars ýurdundan ýene-de üç patyşa çykar. Dördünji patyşa olaryň hemmesinden baý bolar. Ol baýlygynyň üsti bilen güýçlenende, hemmäni Gresiýa patyşalygyna garşy aýaga galdyrar.


Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Agaç belende ösüp, has güýçlendi, başy baryp, gök asmana direndi, ol dünýäniň çar künjünden görünýärdi.


Patyşanyň Belteşasar diýip at beren bu Danyýeline düýşleri ýormakda, tapmaçalary bilmekde, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda ýiti aň, bilim we düşünje berlipdir. Indi Danyýeli çagyrt, bu ýazgynyň manysyny saňa ol aýdyp berer».


Şonda Danyýel patyşa şeýle jogap berdi: «Peşgeşleriň, goý, özüňe galsyn, sylag-serpaýlaryňy-da başga birine ber! Ýöne men ýazgyny okap, manysyny saňa düşündirip bereýin.


Şeýdip, patyşa Darýuşyň we Pars patyşasy Kureşiň döwründe Danyýel rowaçlandy.


Men Ulaý kanalynyň ortasyndan bir ynsanyň sesini eşitdim, ol gygyryp: «Jebraýyl, bu adama görnüşden many çykarmaga kömek et» diýdi.


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Sen meniň bellenen wagtda amala aşjak sözlerime ynanmadyň. Şonuň üçin hem seniň diliň tutulyp, şu zatlaryň amala aşjak gününe çenli gepläp bilmersiň» diýip jogap berdi.


Onsoň perişde maňa şeýle diýdi: «Şulary ýaz: Guzynyň nika toýuna çagyrylanlar bagtlydyr!» Ol sözüni dowam edip: «Ine, bular Hudaýyň hakyky sözleridir» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ