Saňa garşy günä eden halkyňy hem-de olaryň Saňa garşy eden ýazyklaryny bagyşla, ýesir alanlaryň olara rehimdarlyk ederleri ýaly, Sen Öz halkyňa duşmanlarynyň gözüniň öňünde rehimdarlyk et.
Ýa Reb, Öz guluňyň dilegine we Saňa hormat goýýan gullaryňyň dilegini eşit! Öz guluňyň işini şu gün Özüň oňuna edip, patyşanyň maňa rehimi iner ýaly et». Men şol wagtlar patyşanyň sakysydym.
Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi.
Baş gözegçi Danyýele: «Men onuň alyhezretleri patyşadan gorkýaryn. Ol siziň nahar we içgi paýyňyzy bölüp berdi ahyryn. Eger siziň ýüzüňiziň özüňiz bilen deň bolan beýleki ýaş ýigitleriňkiden hordygyny görse, ol janymy jähenneme iberer» diýdi.
Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.