Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 1:4 - Mukaddes Kitap

4 Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Бу яш йигитлер беденлери хич хили шикессиз, гөрмегей, хер бир ылымдан баш чыкарян, билимли, өвренмәге укыплы ве патышаның көшгүнде хызмат этмәге мынасып болмалыдылар. Олара бабыллыларың эдебияты ве дили өвредилмелиди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 1:4
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

(Müsür patyşasy faraona hyzmat edip başlanda, Ýusup otuz ýaşyndady.) Ýusup faraonyň ýanyndan gaýdyp, bütin Müsüre aýlandy.


Görmegeýlikde Abşalom ýaly magtalýan adam tutuş Ysraýylda ýokdy. Depesinden dyrnagyna çenli onuň ýekeje-de kemi ýokdy.


Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar.


Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.


Onsoň Elýakym, Şebna we Ýowa baş wezire şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, biz gullaryň bilen öz düşünýän dilimizde – arameýçe gürleş. Biziň bilen ýahudalaryň dilinde gürleşme, diwaryň üstündäki adamlar diňläp durlar».


«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr.


Müneçjimlere patyşa şeýle diýdiler: «Ýer ýüzünde seniň edýän bu talabyňyň hötdesinden hiç kim gelip bilmez! Dogrusy, munuň ýaly işi beýik we güýçli patyşalaryň hiç biri-de jadygöýden ýa palçydan, ýa-da müneçjimden soramandyr.


Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.


Edil şol wagt babyllylardan käbirleri patyşanyň huzuryna gelip, ýahudylary ýamanladylar.


Ine, meniň ýatyrkam gören düýşüm: ýeriň ortasynda bir agaç bardy, onuň boýy diýseň gaty belentdi.


Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.


Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.


Asly madaý bolan Kserksiň ogly Darýuşyň patyşalygynyň birinji ýylydy. Ol babyllylaryň üstünden patyşa goýlupdy.


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


Şol wagt Musa eneden doguldy. Ol Hudaýyň nazarynda juda eýjejik çagady. Ene-atasy öýünde oňa üç aý seretdi.


Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi.


Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi.


Gidegon Zebah bilen Salmunnadan: «Siziň Taborda öldürenleriňiz nähili adamlardy?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada sypatlydylar» diýip jogap berdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ