Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 1:20 - Mukaddes Kitap

20 Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Патыша хер бир ылым я-да дүшүнҗе билен багланышыклы меселе хакда соранда, өз патышалыгындакы әхли җадыгөйлердир палчылардан оларың он эссе артыкдыгыны гөрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 1:20
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kakaňyz bolsa meni aldap, zähmet hakymy on gezek üýtgetdi, ýöne Hudaý oňa maňa zelel ýetirmäge ýol bermedi.


Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.


Olaryň ýanynda ýaşaýan ýahudylar gelip, bize: «Duşmanlarymyz çar tarapdan bize hüjüm etjekler» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar.


On mertebe göwnüme degdiňiz, utanaňzokmy şeýle ezýet bermäge?


Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler. Şeýdip, faraonyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, faraon olary diňlemedi.


Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.


Müsürlileriň zähresini ýararyn, niýetlerini puja çykararyn, butlaryndan, öli ruhlaryndan, jadygöýlerden, ruh çagyrýanlardan maslahat sorarlar.


Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.


Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.


Akyldarlaryň hemmesiniň öldürilmelidigi barada perman çykdy. Olar Danyýeli we onuň ýoldaşlaryny hem öldürmek üçin, olaryň gözlegine çykdylar.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Şonda Danyýel patyşa şeýle jogap berdi: «Peşgeşleriň, goý, özüňe galsyn, sylag-serpaýlaryňy-da başga birine ber! Ýöne men ýazgyny okap, manysyny saňa düşündirip bereýin.


Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ