Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 1:19 - Mukaddes Kitap

19 Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Патыша оларың әхлиси билен танышды. Оларың хеммесиниң ичинде Даныел, Хананя, Мишайыл ве Азаря дагы билен деңешдирер ялысы тапылмады. Шонуң үчин патышаның хызматына олар беллендилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 1:19
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

(Müsür patyşasy faraona hyzmat edip başlanda, Ýusup otuz ýaşyndady.) Ýusup faraonyň ýanyndan gaýdyp, bütin Müsüre aýlandy.


Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Işine ökde adamlary görýäňmi? Olar garamaýagyň hyzmatyny etmez, patyşalaryň huzurynda durar.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Eger toba etseň, seni ýene kabul edip, huzurymda durzaryn. Eger biderek sözleri däl-de, gymmatly sözleri aýtsaň, Meniň dilim bilen geplärsiň. Bu halkyň özi saňa tarap öwrüler, emma sen olara tarap öwrülmersiň.


Patyşanyň olary getirmegi buýran möhleti gelip ýetende, baş gözegçi olary Nebukadnesaryň huzuryna getirdi.


Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi.


Patyşa öz gündelik köşk saçagyndan olara bir paý nahar we şerap bölüp berdi. Olar üç ýyl okadylyp, üçünji ýylyň ahyrynda patyşanyň huzurynda hyzmat etmäge getirilmelidiler.


Saýlananlaryň arasynda ýahuda tiresinden Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa bardy.


Baş gözegçi olaryň adyny üýtgetdi. Danyýele Belteşasar, Hananýa Şadrak, Mişaýyla Meýşak, Azarýa Abednego diýip at goýdy.


Akyldarlaryň hemmesiniň öldürilmelidigi barada perman çykdy. Olar Danyýeli we onuň ýoldaşlaryny hem öldürmek üçin, olaryň gözlegine çykdylar.


Şonuň üçin hem men perman çykarýaryn: Şadragyň, Meýşagyň we Abednegonyň Hudaýyna garşy küpür geplän her bir halkyň, milletiň ýa-da urugyň el-aýagy çapylyp, öý-öwzary weýran ediljekdir. Çünki şunuň ýaly halas edip biljek başga hiç bir hudaý ýokdur».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ