Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Hudaý bu dört ýigide edebiýatyň we ylmyň her bir ugruny öwrenmäge bilim bilen ukyp berdi. Danyýel her bir görlen düýşi we görnüşleri ýorup bilýärdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Худай бу дөрт йигиде эдебиятың ве ылмың хер бир угруны өвренмәге билим билен укып берди. Даныел хер бир гөрлен дүйши ве гөрнүшлери ёруп билйәрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 1:17
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşanyň çykaran hökümini bütin ysraýyl halky eşidip, oňa uly hormat goýdy. Paýhasly höküm çykarar ýaly Süleýman patyşada Hudaýyň pähim-paýhasynyň bardygyny halk gördi.


Indi şu halky dolandyrmagym üçin maňa danalyk hem bilim ber. Kim Seniň bu beýik halkyňy dolandyryp biler?»


Özüne Hudaýdan gorkmaklygy öwreden Zakarýanyň bütin ömrüne Uzyýa Hudaýa tabyn boldy. Rebbe tabyn bolan döwürlerinde Hudaý Uzyýanyň işine rowaçlyk berdi.


Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir.


Patyşanyň olary getirmegi buýran möhleti gelip ýetende, baş gözegçi olary Nebukadnesaryň huzuryna getirdi.


Patyşa her bir ylym ýa-da düşünje bilen baglanyşykly mesele hakda soranda, öz patyşalygyndaky ähli jadygöýlerdir palçylardan olaryň on esse artykdygyny gördi.


Bu ýaş ýigitler bedenleri hiç hili şikessiz, görmegeý, her bir ylymdan baş çykarýan, bilimli, öwrenmäge ukyply we patyşanyň köşgünde hyzmat etmäge mynasyp bolmalydylar. Olara babyllylaryň edebiýaty we dili öwredilmelidi.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.


Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.


Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.


Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».


Maňa bolsa bu syr başga adamlardan has akyllydygym üçin açylman, eýsem munuň ýorgudy patyşa aýan edilsin, ol hem öz ýüregindäki pikirlere düşünsin diýlip aýan boldy.


«Eý, jadygöýleriň başlygy Belteşasar, seniň mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylandygyňy bilýärin. Islendik bir gizlin syry açmak seniň üçin kyn däldir. Meniň gören düýşüme gulak goý-da, onuň ýorgudyny maňa aýdyp ber.


Men sende hudaýlaryň ruhunyň bardygyny, saňa ýiti aň, düşünje we beýik paýhaslylyk berlendigini eşitdim.


Babyl patyşasy Belşasaryň şalygynyň birinji ýylynda Danyýel ýatyrka düýşünde görnüşler gördi. Soňra ol düýşüniň özenini ýazyp beýan etdi.


Patyşa Belşasaryň patyşalygynyň üçünji ýylynda men Danyýel öňki görenimden başga ýene bir görnüş gördüm.


Reb olara şeýle diýdi: «Meniň sözlerime gulak salyň: „Eger araňyzda pygamberler bar bolsa, Men-Reb görnüşlerde Özümi aýan edip, Olar bilen düýşde gepleşýärin.


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.


Ol Ýusuby ähli külpetlerden azat etdi. Hudaý oňa görlüp-eşidilmedik akyl-paýhas berip, ony Müsür patyşasy faraonyň huzurynda merhemet tapar ýaly etdi. Faraon ony Müsüriň we tutuş köşgüň baştutany edip belledi.


Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi.


Muny eşiden günümizden bäri, biz hem siziň üçin doga-dileglerimiziň yzyny üzemzok. Hudaýyň islegini doly bilmegiňiz üçin, Onuň sizi ähli ruhy akyldarlyk we düşünje bilen doldurmagyny dileýäris.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Eger kimde danalyk kemlik edýän bolsa, goý, ol Hudaýdan dilesin. Hemmelere biminnet we jomartlyk bilen berýän Hudaý oňa hem berer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ