Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Даныел 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň patyşalygynyň üçünji ýylynda Babyl patyşasy Nebukadnesar öz goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň daş-töweregini gabady.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Яхуда патышасы Ехоякымың патышалыгының үчүнҗи йылында Бабыл патышасы Небукаднесар өз гошуны билен Иерусалиме хүҗүм эдип, онуң даш-төверегини габады.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Даныел 1:1
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy.


Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.


Seniň öz bagryňdan önen ogullaryň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“».


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda (bu Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň birinji ýylydy) Ýermeýa bütin ýahuda halky hakynda Rebbiň sözi aýan boldy.


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň döwründe Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Emma Babyl patyşasy Nebukadnesar bu ýurda hüjüm edende, biz: „Geliň, babyllylaryň we siriýalylaryň goşunyndan gaçyp, Iýerusalime gideliň“ diýdik. Şonuň üçin hem biz Iýerusalimde ýaşap ýörüs».


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň şalygynyň dördünji ýylynda Neriýanyň ogly Baruk Ýermeýanyň dilinden şu sözleri kitaba ýazyp otyrka, Ýermeýa pygamberiň oňa aýdan sözi:


Babyl hakda, babyllylaryň ýurdy hakda Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözi:


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň patyşalygynyň on dokuzynjy ýylynyň bäşinji aýynyň onuna şanyň janpenalarynyň baştutany hem emeldary Nebuzaradon Iýerusalime geldi.


Nebukadnesaryň ýesir edip getiren halky, ine, şulardan ybarat: patyşalygynyň ýedinji ýylynda üç müň ýigrimi üç ýahudany;


Şondan soň Danyýeli patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa Danyýele şeýle diýdi: «Patyşa atamyň Ýahudadan ýesir edip getiren Danyýeli senmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ