Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 35:33 - Mukaddes Kitap

33 Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

33 Ган топрагы харама чыкаряндыр, өз яшаян топрагыңызы харамламаң. Дөкүлен ганы топракдан диңе ганхорың ганы билен ювуп болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 35:33
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.


Kimde-kim bir ynsanyň ganyny dökse, onuň gany hem ynsan tarapyndan dökülsin. Çünki Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradandyr.


olary gibgonlylaryň eline berdi. Gibgonlylar olary dagda Rebbiň huzurynda öldürip, ýeriň ýüzüne serdiler, olaryň ýedisem bilelikde öldi. Bu waka baharda, arpa oragynyň ilkinji günlerinde bolupdy.


Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.


Patyşa şeýle jogap berdi: «Onuň aýdyşy ýaly et. Ony öldür-de, jaýla. Şeýdip, menden we kakam Dawudyň beýleki nesilleriniň boýnundan Ýowabyň döken nähak ganynyň günäsini aýyr.


Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy.


Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Hudaýyň berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.


Olar ýigrenji maslyk butlary bilen ýurdumy harama çykardylar, mülkümi nejis zatlaryndan doldurdylar. Şonuň üçin Men olara etmişleridir günäleri üçin iki esse tölederin“».


Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».


Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi.


Indi köp milletler Saňa garşy birleşip: «Goý, Sion haram bolsun, muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.


Gaçybatalga galasyna gaçyp baran biriniň baş ruhany ölmezden öň öz topragyna gaýdyp barmagy üçin ondan töleg almaň.


Oňa rehim etmäň, bigünä gany Ysraýyldan ýuwup aýryň, şonda siz gowy günler görersiňiz.


onuň jesedini agaçdan uzak gije asyp goýmaň. Siz ony hökman şol gün jaýlamalysyňyz, çünki agaçdan asylan adam Hudaý tarapyndan näletlenendir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


Bu Ýerubagalyň ýetmiş oglunyň nähak ganyny döken Abymelekden we oňa muny etmäge goltgy beren Şekem ilatyndan ar almak üçin şeýle boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ