Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 35:32 - Mukaddes Kitap

32 Gaçybatalga galasyna gaçyp baran biriniň baş ruhany ölmezden öň öz topragyna gaýdyp barmagy üçin ondan töleg almaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Гачыбаталга галасына гачып баран бириниң баш руханы өлмезден өң өз топрагына гайдып бармагы үчин ондан төлег алмаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 35:32
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar: «Bize Şawuldan we onuň neslinden altyn ýa kümüş almak ýeterlik däl. Ysraýyldan kimdir birini biziň öldürmäge hakymyz ýok» diýdiler. Dawut olara: «Siz näme isleseňiz, şony-da etjek» diýdi.


Ölüm jezasyna höküm edilen ganhoryň janynyň öwezine hun alynmasyn, ganhor öldürilmelidir.


Gan topragy harama çykarýandyr, öz ýaşaýan topragyňyzy haramlamaň. Dökülen gany toprakdan diňe ganhoryň gany bilen ýuwup bolar.


Ondan başga Halasgär ýokdur. Onuň ady bütin älemde adamzady halas edip bilýän ýeke-täk atdyr».


Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».


Emma Mukaddes Ýazgylaryň yglan etmegine görä, biziň ählimiz günäniň tussaglarydyrys. Hudaý bolsa bize wada beren peşgeşini Isa Mesihe iman edýänimiz üçin berýär.


Olar täze bir aýdym aýdýardylar: Sen mynasypsyň bu kagyzy almaga, hem-de onuň möhürlerini döwmäge. Çünki Sen damagyň çalnyp, Öz ganyň bilen, her tireden, her dilden, her halkdan hem-de milletden Hudaý üçin adamlary satyn alansyň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ