Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 35:20 - Mukaddes Kitap

20 Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шунуң ялы-да, эгер бири башга бир адамы йигренйәндиги үчин итекләп я-да башга бири букуда ятып, оңа тарап бир зат зыңып өлдүрсе,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 35:20
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb Kabyly we onuň sadakasyny kabul etmedi. Kabylyň muňa gaty gahary gelip, ýüzüni sallady.


Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.


Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.


Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Halas et, ýa Reb, sadyk adam galmady, adamzat arasyndan ynamdarlar ýitirim boldy.


Emma bir adam başga birine hile gurap, ony bilkastlaýyn öldürse, ol hatda Meniň gurbanlyk sypama gaçan hem bolsa ony öldüriň.


Ýigrenjini dili bilen örtýändir, göwnünde bolsa hile saklaýandyr,


Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.


Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin.


ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.


Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi.


Olar aýaga galyp, Isany şäherden kowdular. Nasyra şäheri depede ýerleşýärdi. Olar Ony şol depäniň çür başyna çykaryp, aşak taşlajak boldular.


Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.


Emma sen olaryň sözüne gulak asma, sebäbi kyrkdan gowrak adam gizlenip, Pawlusa bukuda garaşýar. Olar Pawlusy öldürýänçäk, iýip-içmeris diýip kasam etdiler. Şu wagt olar taýýar bolup, seniň razyçylygyňa garaşýarlar».


Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa,


Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)


Dawut Ramadaky Naýot galasyndan gaçyp gaýtdy we Ýonatanyň ýanyna gelip, oňa: «Men näme etdim? Meniň ýazygym näme? Kastyma çykar ýaly, men seniň kakaňa näme ýamanlyk etdim?» diýdi.


Şu gün gowagyň içinde Rebbiň özüňi meniň elime berendigini öz gözleriň bilen gördüň. Seni öldürmegi talap edenlerinde-de, men saňa rehim etdim. Men olara: „Öz jenabyma el galdyrmaryn, çünki ol Rebbiň Öz seçip-saýlanydyr“ diýdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ