Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Çölde 35:19 - Mukaddes Kitap

19 Dökülen gan üçin öldürileniň hossary ganhory öldürer. Ol öz gandaryny duşan ýerinde öldürsin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Дөкүлен ган үчин өлдүрилениң хоссары ганхоры өлдүрер. Ол өз гандарыны душан еринде өлдүрсин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Çölde 35:19
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ine, bu gün Sen meni mes toprakly ýerden kowduň. Men Seniň huzuryňdan gizlenip, ýer ýüzünde gaçgak we sergezdan bolaryn. Maňa duşan, meni öldürer» diýdi.


Aýal: «Goý, şa hezretleri öz Hudaýy Rebden ant içsin we öldürileniň hossary mundan beýläk adam öldürmesin, meniň oglumam diri galsyn» diýdi. Patyşa: «Rebden ant içýärin, ogluňa barmagyny batyran adam bolmaz» diýdi.


Indi tutuş tire gyrnagyňyza garşy çykyp: „Doganyny öldüreni biziň elimize ber, onuň özüni-de öldürip, ondan doganynyň ganyny aljak. Şeýdip, biz mirasdary-da öldürjek“ diýýärler. Şeýdip, olar ojagymyň galanja oduny-da söndürip, ýer ýüzünde adamymdan nam-nyşan galdyrmajak bolýarlar».


Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.


Şeýdip, Ýowap we onuň dogany Abyşaý Gibgonda bolan uruşda öz doganlary Asaheli öldüren Abneriň janyna kast etdiler.


Bu galalar ganhora jemagatyň öňünde höküm çykarylýança, öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolup hyzmat etsin.


Ýa-da biri adama degende öldürip biljek agaç bölegi bilen adam urup öldürse, ol ganhordyr. Ganhoryň jezasy ölüm bolsun.


Şunuň ýaly-da, eger biri başga bir adamy ýigrenýändigi üçin itekläp ýa-da başga biri bukuda ýatyp, oňa tarap bir zat zyňyp öldürse,


ýa-da duşmançylykdan ony eli bilen urup öldürse, onda ony öldüren adam ölüme höküm edilsin. Ol adam ganhordyr, öldürileniň hossary ganhory duşan ýerinde öldürsin.


ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün.


we öldürileniň hossary ony tapyp öldürse, öldürileniň hossary ganhor saýylmaly däldir.


ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň.


Eger ýol gaty uzak bolsa, öldürileniň hossary öç almak üçin ganhoryň yzyndan gazap bilen kowalap ýetip öldürer. Emma olaryň arasynda öň duşmançylygyň ýokdugy üçin, ol öldürilmeli däldir.


Tötänlikden ýa-da ýalňyşlyk bilen adam öldüren ganhor ol ýere gaçyp, özüni gorap biler. Goý, ol galalar ganhorlar üçin öldürileniň hossaryndan gaçybatalga bolsun.


Eger-de onuň yzyndan öldürileniň hossary ar almak üçin gelse, onda galadaky ýaşulular ganhory onuň eline bermeli däldirler, sebäbi ganhor onuň ýakynyny bilkastlaýyn öldürmändir. Öldüren adamy bilen onuň öň hiç hili duşmançylygy bolmandyr.


Gidegon: «Olar meniň süýtdeş doganlarymdy. Rebden ant içýärin, eger siz olary öldürmedik bolsaňyz, men hem sizi öldürmezdim» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ