Uryýa Dawuda: «Äht sandygy bilen ysraýyllardyr ýahudalar çadyrdakalar, jenabym Ýowapdyr onuň nökerleri meýdandakalar, men iýip-içmek we aýalym bilen ýatmak üçin öýüme gideýinmi? Seniň ömrüňden hem janyňdan ant içýärin, men beýle iş edip bilmerin» diýdi.
Olar şeýle dowam etdiler: «Eger biz siziň öňüňizde merhemet gazanan bolsak, goý, bu toprak biz gullaryňyza mülk edilip berilsin. Bizi Iordan derýasyndan aňry geçirmäň».